26-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabiaşwilini kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Dip­lo­mat du­şuş­ma­ga wagt ta­pan­dy­gy üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, hormatly Prezidentimize Gru­zi­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Sa­lo­me Zu­ra­biş­wi­li­niň sa­la­my­ny ýe­tir­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Gru­zi­ýa Türk­me­nis­ta­nyň oňyn Bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär hem-de däp bo­lan iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow hoş­ni­ýet­li söz­ler üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, Gru­zi­ýa­nyň do­ly yg­ty­ýar­ly we­ki­li­ni jo­gap­kär­li we­zi­pä bel­le­nil­me­gi bi­len gut­la­dy hem-de dost­luk­ly döw­le­tiň ýo­ka­ry ýol­baş­çy­la­ry­na iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz şu ýyl iki ýur­duň ara­syn­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­nyň bel­le­nil­ýän­di­gi­ni aý­dyp, ýur­du­my­zyň ga­dym­dan gel­ýän dost­luk gat­na­şyk­la­ry bag­la­nyş­dyr­ýan Gru­zi­ýa bi­len mun­dan beý­läk-de ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­ga yg­rar­ly­dy­gy­ny tas­syk­la­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz soň­ky ýyl­lar­da türk­men-gru­zin gat­na­şyk­la­ry­nyň üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da hor­mat­ly Prezidentimiz hem-de dip­lo­mat iki­ta­rap­la­ýyn, köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de, hu­su­san-da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýän hyz­mat­daş­ly­gyň hä­zir­ki ýag­da­ýy­ny we gel­je­gi­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Şun­da söw­da-yk­dy­sa­dy ul­gam mö­hüm ugur­la­ryň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di. Bu ul­gam­da müm­kin­çi­lik­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek­de bi­le­lik­dä­ki hö­kü­me­ta­ra to­pa­ra uly orun de­giş­li­dir.
Türk­men-gru­zin döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýan ulag ul­ga­my hem ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan me­se­le bol­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, iki ýur­duň çäk taý­dan amat­ly ýer­leş­me­gi hem-de ta­rap­la­ryň bäh­bit­le­ri­niň umu­my­ly­gy Ha­zar we Ga­ra deň­zi se­bit­le­ri­niň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ulan­mak ar­ka­ly, mul­ti­mo­dal üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­li bir­leş­dir­mek üçin amat­ly şert­le­ri dö­red­ýär. Ener­ge­ti­ka pu­da­gy hem Türk­me­nis­tan bi­len Gru­zi­ýa­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di. Öza­ra gat­na­şyk­la­ry we müm­kin­çi­lik­le­ri pug­ta­lan­dyr­mak üçin köp­ýyl­lyk tej­ri­bä eýe bo­lan yn­san­per­wer ul­gam­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­me­giň wa­jyp­dy­gy­na aý­ra­tyn üns çe­kil­di.