Hytaý täzelenýän energiýa çeşmelerini sarp etmekde dünýäde birinji orny eýeleýär. Hytaý soňky ýyllarda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmekde we ulanmakda, täze energiýa bilen işleýän ulaglary öndürmekde we satmakda dünýäde öňdebaryjy boldy. Bu barada ýurduň Ekologiýa we daşky gurşaw ministrligi habar berýär.
Şeýle hem ýurtda howa goýberilýän zyýanly gazlary mukdary hem azalýar. 2021-nji ýylda ýurduň jemi içerki önümiň birligine kömürturşy gazynyň zyňyndylary 2012-nji ýyl bilen deňeşdirilende 34,4% azaldy, esasy energiýa sarp edilişinde kömrüň paýy 68,5%-den 56% -e çenli azaldy. Hytaý täzelenip bilýän çeşmeleriň ösüşi we ulanylyşy boýunça energiýa, şeýle hem täze energiýa çeşmeleri bilen işleýän ulaglary öndürmekde we satmakda birinji orunda durýar.
Elektroulaglaryň ýaýbaňlanmagy bolsa iri şäherlerde howanyň hapalanmagynyň ep-esli derejede öňüni almaga ýardam edýär.
Ozalky ýyllarda ýurt daşary ýurtlardan gaty galyndylary hem import edýärdi. Soňky ýyllarda uly bölegini plastik zibilleriň emele getirýän bu galyndylarynyň getirilmegi hem çäklendirildi. Munuň bolsa ýurduň şäherleriniň howasynyň arassa bolmagyna goşant goşandygy bellenilýär. Sebäbi şeýle zyňyndylary gaýtadan işlemek howany has köp hapalaýar.
Berdimyrat Beşiýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby