Soňky wagtlarda Hytaýyň Uýgur awtonom sebitindäki Taklamakan çölünde köp sanly köl emele geldi. CCTV teleýaýlymynyň habaryna görä, 10 ýyldan bäri Tarim derýasynyň suwy adatdakydan köp bolmagyny dowam etdiripdir. Bu bolsa Hytaýyň iň uly çölünde köp sanly kölüň emele gelmegine getiripdir. Sebitiň suw serişdeleri edarasynyň maglumatyna görä, maý aýyndan sentýabr aýynyň ahyryna çenli Tarim derýasynyň akymy öňki ýyllaryň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,5 esse ýokary bolupdyr. Ölçegler 1957-nji ýylda geçirilip, şondan bäri iň ýokary akym bolupdyr.

Hytaýyň Suw serişdeleri ministrliginiň habaryna görä, geçen tomusda aşa yssy howa dag depelerindäki buzluklarynyň eremegine we suw joşmalaryna sebäp bolupdyr. Bu ýyl Tarim derýasynyň esasy hanasynda yzygiderli 80 günläp suwuň akymy adatdakydan ýokary bolupdyr.

Meýdany 337 müň inedördül kilometre barabar bolan Taklamakan çölüne ýyllyk ortaça 100 millimetrden az ygal düşýär. Tarim Taklamakan çölüniň demirgazygyndan akyp geçýär.

Aýnur Kurbanowa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby