Dür­li mak­sat­lar bi­len uzak ýer­le­re gi­di­len­de, adat­ça uçar­lar­dan peý­da­la­nyl­ýar. Em­ma te­bi­ga­ty syn­la­ma­gyň hem lez­ze­ti baş­ga­. Şol se­bäp­li, aw­to­bus, ot­ly ýa-da şah­sy ula­gy bi­len ge­ze­lenç ed­ýän­ler hem bar. Sy­ýa­hat­çy­lyk mak­sa­dy bi­len uly ýo­lag­çy gä­mi­le­ri hem giň­den ula­nyl­ýar. Gu­ry ýer­den bar­ma­sy kyn bo­lan ke­nar­ýa­ka te­bi­ga­ty hem syn­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän gä­mi­li ge­ze­lenç­le­re is­leg bil­dir­ýän­ler az däl. Has uzak ýer­le­re bol­sa uly ýo­lag­çy gä­mi­le­ri bi­len sy­ýa­hat edil­ýär. Bu gä­mi­ler­de bir şä­her­de bo­lup bil­jek güý­men­je ýer­le­ri­niň we beý­le­ki zat­la­ryň kö­pü­si bar. «Royal Carib­be­an» kom­pa­ni­ýa­sy «Icon of the Se­as» at­ly dün­ýä­niň iň uly gä­mi­si­ni gur­ýar. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň iň uly ýo­lag­çy gä­mi­si «Won­der of the Se­as» ha­sap­lan­ýar. Tä­ze gä­mi­niň gel­jek ýy­lyň ahy­ryn­da taý­ýar bol­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Il­kin­ji sy­ýa­ha­ty­na 2024-nji ýy­lyň 28-nji ýan­wa­ryn­da çy­kjak gä­mi­de «AquaT­hea­ter» at­ly için­de res­to­ran, bar we beý­le­ki dür­li çä­re­le­ri ge­çi­rip bolýan giň meý­dan­ça bo­lar. Gä­mi­niň üç ga­ty maş­ga­la­­lar üçin ni­ýet­le­nip, ýo­lag­çy­la­ryň ýa­şa­ma­gy üçin se­kiz şä­her­çe bo­lar. Bu gat­lar­da, esa­san, maş­ga­la bo­lup dynç al­ma­ga ni­ýet­le­nen güý­men­je ýer­le­ri göz öňün­de tu­tu­lan.

Aý­na NY­ÝAZ­GU­LY­ÝE­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýalar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.