Türkmenistanlylar Milli bahar baýramyny hem-de Halkara Nowruz gününi köp öwüşginli dabaralar, şatlyk-şagalaň we ruhubelentlik, iň ýagşy umyt-arzuwlar bilen garşyladylar. Şol günüň esasy wakalary Mary şäherinde, köpçülikleýin medeni çäreleriň guralýan ýeri bolan “Türkmeniň ak öýi” binasynyň golaýyndaky meýdançada geçirildi.
Nowruz baýramy mynasybetli guralan dabara gatnaşmak üçin bu ýere Mejlisiň Başlygy, hökümetiň agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň döredijilik işgärleri, köpsanly ýerli ýaşaýjylar we ähli welaýatlaryň wekilleri, daşary ýurtly myhmanlar ýygnandylar. Myhmanlaryň hatarynda žurnalistler, syýahatçylar we beýlekiler bar. Mary şäheriniň howa menzilinde baýramçylyga gelenleri toý pişmeleri, däp bolan milli süýji nygmatlar bilen garşyladylar.
“Türkmeniň ak öýi” binasynyň golaýynda, açyk asmanyň astynda giň gerimli sergi ýaýbaňlandyryldy. Sergini amaly-haşam sungatynyň eserleri, suratkeşleriň, halk senetleriniň ussatlarynyň eserleri, halylar, şaý-sepler, at esbaplary, türkmenleriň durmuşda ulanýan zatlary hem-de gadymy zähmet gurallary düzdüler. Çünki, gije-gündiziň deňleşýän bahar baýramy ekerançylyk senenamasynda aýratyn orun eýeläp, meýdan işleriniň hem-de täze oba hojalyk ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýar.
Bu ýerde köpsanly ak öýli, tagta sekili, öý haýwanlary ýerleşdirilen agylly uly türkmen obasy ýaýbaňlandyryldy. Ol köp öwüşginli söwda nokatlarynyň ençemesini özünde jemleýän gündogar bazary bilen aýratyn sazlaşyk döretdi.
Döredijilik toparlary, aýdymçylar, sazandalar we folklor toparlary dabara gatnaşyjylary joşgunly aýdym-sazlar we tanslar bilen mübärekleýärler. Çagalar hormatly myhmanlary labyzly goşgular hem-de şadyýan aýdymlar bilen garşylaýarlar. Çagalar halk oýunlaryny ýerine ýetirmekde öz ussatlyklaryny görkezýärler, oglanlar aşyk oýnaýarlar, gyzjagazlar bolsa, öz gurjaklary bilen gümra bolýarlar. Dört aýakly “gahrymanlar” – enaýyja alabaýyň güjügi hem-de guzujyk we beýlekiler toý sahnasynyň özboluşly bezegine öwrüldi.
Ýurdumyzyň her bir sebiti aýdym-sazly we etnografiki çykyşlary, sergileri hem-de dürli dessurlary, Nowruz baýramyna taýýarlyk görülýän hem-de bu baýramçylygyň garşylanýan pursatlaryny, gadymy döwürlerde ýaşan ata-babalarymyzyň ekerançylyk bilen meşgullanyşyny beýan edýän sahnalary öz içine alýan çykyşlary taýýarlady.
Kimdir biri azal ýasaýar, beýleki biri bolsa saz gurallaryny taýýarlaýar, söwdagärler telpek we tahýa satýarlar, dürli öwüşginli ýüpek matalar, owadan bezelen küýzeler we gap-gaçlar gözüňi dokundyrýar. Olaryň golaýynda täsin halylar hem-de şaý-sepler, milli nagyşlar bar. Bagşylaryň ýerine ýetirýän halk aýdym-sazlary bu dabara ýakymly öwüşgin çaýýar. Myhmanlaryň köpüsi olaryň ýerine ýetirýän sazlaryny lezzet alyp diňleýärler.
Bu ýerde gadymdan gelýän usullar we tehnologiýalar esasynda milli tagamlaryň, şol sanda Nowruzyň esasy tagamy bolan semeniniň taýýarlanylyşyny, dürli toý we maşgala dessurlarynyň, mysal üçin, çaganyň galpak toýy we onuň ilkinji dişiniň peýda bolmagy bilen baglanyşykly dessurlaryň berjaý edilişini görmek bolýar. Bu sahnalaşdyrylan çäreleriň ählisi aýdym-sazlar, nakyllar hem-de atalar sözleri bilen utgaşdyryldy.
Türkmenistanyň meşhur taryhy ýadygärlikleriniň – Köneürgenjiň, Gadymy Merwiň, Dehistanyň, Änewiň we beýlekileriň baýramçylyk meýdançasynda ýerleşdirilen uly şekilleri gadymy döwürlere gyzykly gezelenji amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.
Oba-senagat toplumynyň, dokma önümçiliginiň we beýleki ulgamlarynyň önümlerini görkezýän sergide häzirki Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleri beýan edilýär.
Çeperçilik sergisi bahar gözelligine, türkmen tebigatynyň ajaýyplygyna, onuň näz-nygmatlaryna we tebigat bilen sazlaşykda ýaşaýan adamlara bagyşlanýar. Sergide ussat suratkeşleriň eserleri, şeýle hem türkmen halkynyň döredijilik däplerini ussatlyk bilen dowam etdirýän ýaş suratkeşleriň işleri ýerleşdirilipdir. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasyndan getirilen suratlaryň üsti Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň hem-de ýöriteleşdirilen çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň döredijilik işleri bilen ýetirildi.
Adamlaryň baýramçylyk gezelençleri şol ýerde gazanlarda taýýarlanylan tagamlary hödürlemek bilen utgaşdyryldy. Gazanlaryň golaýynda üsti dürli tagamlardan we nazy-nygmatlardan doldurylan stollar goýuldy. Myhmanlar şol tagamlaryň ählisinden uly höwes bilen datdylar. Nahardan soň, düýe çalyny ýa-da açyk otda tüňçede gaýnadylan gök çaý içdiler.
“Türkmeniň ak öýüniň” sahnasynda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň uly konserti boldy. Konsertiň maksatnamasyna laýyklykda, edebi aýdym-sazly we folklor-etnografiki kompozisiýalar, tans çykyşlary ýaýbaňlandyryldy, halk we häzirki zaman aýdymlary ýaňlandy. Olarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri, Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eýýamy wasp edildi.
Tomaşaçylara özboluşly horeografiki kompozisiýalar hem-de aýdym-sazly çykyşlar hödürlendi, olarda milli medeniýetimiziň özboluşly aýratynlyklary öz beýanyny tapdy. Bu döredijilik çäresi gadymy Nowruzyň ajaýyp däpleriniň häzirki döwürde hem üstünlikli dowam etdirilýändigine, biziň mirasymyzyň bolsa häzirki nesiller bilen berk baglanyşyklydygyna ýene-de bir gezek göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Nowruz baýramy mynasybetli dabaralar “Bagt köşgüniň” ýanyndaky “Toý mekanynda” dowam etdirildi, bu ýerde toý sadakasy berildi. Şol gün ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň merkezlerinde we Aşgabat şäherinde hem baýramçylyk konsertleri we köpçülikleýin medeni çäreler geçirildi.
Döwlet sylaglaryna we hormatly atlara mynasyp bolan medeniýet işgärlerini sarpalamak dabarasy boldy.
Mary welaýatynyň Ruhyýet köşgünde milli Liderimiziň Permanyna laýyklykda, döwlet sylaglaryna we hormatly atlara mynasyp bolan medeniýet, sungat, döredijilik we bilim ulgamynyň işgärlerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, şeýle hem ýurdumyzyň raýatlarynyň bir topary Türkmenistanyň Prezidentiniň pul baýraklary bilen sylaglandy.
Bu baýramçylyk güni Ruhyýet köşgünde dabara gatnaşmak üçin ýygnananlaryň hatarynda hökümet agzalary, Mejlisiň, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Mary welaýatynyň we şäheriniň häkimlikleriniň ýolbaşçylary, döredijilik işgärleri, ýaşulular we okuwçy ýaşlar bar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň medeniýet, sungat, döredijilik işgärlerini hem-de ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak we olara hormatly atlary dakmak hakyndaky Permany, şeýle hem raýatlaryň bir toparyny pul baýraklary bilen sylaglamak hakyndaky Karary dabaraly ýagdaýda okaldy.
Şahyrlar we ýazyjylar, režissýorlar we artistler, aýdymçylar, sazandalar we kompozitorlar, žurnalistler, döredijilik toparlarynyň ýolbaşçylary, bu ulgamda işleýän hünärmenler, hormatly dynç alyşdaky adamlar biri-biriniň yzyndan sahna çykyp, olar öz zähmetine berlen ýokary baha, döwlet Baştutanymyz tarapyndan edilýän ýadawsyz alada we özlerine berilýän aýratyn üns, türkmen halkynyň ruhy mirasynyň gaýtadan dikeldilmegi hem-de ösdürilmegi, ýurdumyzda döredijilikli işlemek üçin ähli şertleriň döredilýändigi üçin milli Liderimize çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.