Türkmenistanda ilkinji hem-de Merkezi Aziýanyň çäklerinde iri himiýa kombinatynyň işe girizilmegi milli ykdysadyýetimizde täze pudagyň – bu ulgamda ylmyň we tehnologiýalaryň iň öňdebaryjy gazananlaryny ulanmak bilen dag-magdan senagatynyň döredilmegini alamatlandyrýar. Munuň özi bolsa, ýurdumyzy ösen senagatly döwlete öwürmegiň ýolunda nobatdaky ädim boldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugy bilen “Lebap welaýatyndaky Garlyk kaliý duzlarynyň ýatagynda kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan toplumyny gurmak hakynda” buýrugyna laýyklykda, gurluşygy tamamlanan desgany ulanmaga kabul etmek boýunça işleri talabalaýyk guramak maksady bilen, Lebap welaýatyndaky Garlyk kaliý duzlarynyň ýatagynda ýylda 1,4 million tonna kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan toplumyny ulanmaga kabul etmek boýunça Döwlet kabul ediş topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
Kaliý duzlarynyň Garlyk känlerini işläp taýýarlamak we zawodyň çäklerinde kaliý duzuny çykarmak we baýlaşdyrmak boýunça desganyň gurulmagy Türkmenistanyň senagat taýdan ösüşiniň täze döwri bolup durýar.
Dökün öndürmek üçin iň ýokary kuwwatlylyga çykmak hem-de ýylda 7 million tonna magdany almak we gaýtadan işlemek göz öňünde tutulýar. Ägirt uly täze desganyň infrastruktura meýdançalaryna getirilen ähli tehnologiýa enjamlary dünýä belli öndürijileriň iň täze önümleri bolup durýar.
Türkmen ýaşlarynyň uly topary Garlyk toplumyny hünärmenler bilen üpjün etmek maksady bilen, Belarus Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine ugradyldy. Bilim alan hünärmenleriň aglabasy ýyllyk iş tejribesini APJ “Belaruskaliý” kärhanalarynda geçdiler hem-de ol ýerde şahta işlerinde işlediler. Mundan başga-da, Türkmenistanyň ýokary we ýöriteleşdirilen orta mekdeplerinde hem dag-magdan toplumy üçin hünärmenleri taýýarlamaga başlandy.
Täze ägirt uly senagat kärhanasy Lebap welaýatynyň we tutuş ýurdumyzyň mundan beýläk hem durmuş-ykdysady taýdan ösüşi üçin uly ähmiýete eýe bolup, ýokary hilli kaliý mineral dökünleriniň önümçiligini ýola goýmaga mümkinçilik berer. Bu bolsa, Türkmenistanyň oba hojalygynyň islegini doly kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ony dünýä bazaryna hem çykarmaga mümkinçilik berer.
Garlyk ýatagynda geologiýa barlaglarynyň maglumatlaryna görä, kaliý duzlarynyň çig mal gorlary 2 milliard tonnadan gowrak diýlip hasaplanylýar. Bu tebigy çig maly gazyp almak mümkinçiligi bar bolan Garabil ýatagy hem uly ähmiýete eýe bolup durýar.