Günorta Afrika Respublikasynda zulularyň täze hökümdary Misuzulu resmi taýdan tagta çykdy. Täze hökümdara täç geýdirmek dabarasy Durban şäherindäki stadionda geçirildi. Bu barada “EWN Reporter” saýty habar berýär.
“Patyşa Misuzulu zulu halkynyň hökümdary hökmünde öz raýatlaryna resmi taýdan tanyşdyryldy” diýlip beýanatda bellenilýär. Onuň dalaşgärliginiň Patyşa maşgalasynyň beýleki agzalary tarapyndan makullanandygy bellenilýär.
Zulu halkynyň sekizinji hökümdary Gudwill Zweliti geçen ýylyň mart aýynda 72 ýaşynda uzaga çeken agyr keselden soň aradan çykdy. Köp wagt geçmänkä hem şa zenany Mantfombi Dlamini aradan çykdy.
Zulular Günorta Afrika Respublikasynda we yklymyň beýleki ýurtlarynda ýaşaýan millet bolup ilaty 10 million töweregi. Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Siril Ramafosa Misuzulu Sinkobile Zuluny zulularyň täze Patyşasy hökmünde resmi taýdan tassyklady.