Garaşsyz Türkmenistan ekologiýa diplomatiýasyny özüniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde öňe sürmek bilen, tebigaty goramakda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan anyk kesgitlenilen we üstünlikli çözülýän wezipeler Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň kabul eden, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ählumumy Gün tertibinde beýan edilen Durnukly ösüşiň maksatlary bilen berk baglydyr.
Eziz Diýarymyzda daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, onuň gözelligini we baýlygyny geljek nesillere ýetirmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Ekologiýa medeniýetiniň ösmegi bilen adamlarda «ýaşyl» gurluşyklara bolan gyzyklanma artýar we bu ugurdaky milli, halkara derejelerdäki taslamalar uly goldaw tapýar. «Ýaşyl» taslamalar işlenilip taýýarlanylanda adamyň saglygyna peýdalylygy, düýbünden howpsuzlygy we daşky gurşawa zyýanly täsiriniň pes derejedeligi göz öňünde tutulýar.
Daşky gurşawa aýawly çemeleşmek we howanyň hapalanmagynyň öňüni almak maksady bilen ýurdumyzda her ýyl millionlarça düýp agaç nahallary oturdylýar. Şu ýylyň 5-nji noýabrynda hem ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy guralar. Bu köpçülikleýin çäräniň dowamynda ýurdumyzda agaç nahallarynyň köp sanlysy oturdylar.
Ýurdumyzda tokaý zolaklarynyň emele gelmegi, Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassalygynyň üpjün edilmegi, Garagumuň jümmüşinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi tebigaty goramak we ekologiýa howpsuzlygy babatdaky syýasaty durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň subutnamasydyr. Şol işleriň netijesinde arassa hem howpsuz ekologiýa gurşawy emele gelýär.
Daşky gurşawy goramak, howanyň hapalanmagynyň öňüni almak, tebigy baýlyklary rejeli we netijeli peýdalanmak esasy wezipeleriň biridir. Bu ugurda alnyp barylýan giň möçberli işleriň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek we ony umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalarynyň talaplaryna laýyk getirmek bilen baglanyşykly işler yzygiderli alnyp barylýar. «Tebigaty goramak hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Galyndy hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.
Türkmenistan BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda, Hazar deňziniň ekologik deňeçerligini üpjün etmäge, daşky gurşawy goramak boýunça ähli wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine işjeň gatnaşýar. Hazaryň kenarynda döwrebap şypahanalaryň, myhmanhanalaryň, senagat kärhanalarynyň gurulmagy, olaryň halkara ekologik howpsuzlyk görkezijilerine laýyk gelmegi taslamalara bildirilýän möhüm talaplaryň biridir. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, «Garabogazkarbamid» zawodynyň, Gyýanly şäherçesindäki polimer zawodynyň abraýly halkara guramalar tarapyndan daşky gurşaw üçin howpsuzlygyny tassyklaýan güwänamalara eýe bolmagy munuň aýdyň beýanydyr. Bu ugurda anyk maksatlara ýetilmegi we giň möçberli tokaý zolaklarynyň döredilmegi esasynda hemişe gök öwüsýän zolaklar emele gelýär, täze seýilgäh zolaklary döredilýär. Bu bolsa «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýan adamlaryň saglygyna oňaýly täsiri bolan ýakymly howa gurşawynyň emele gelmegini şertlendirýär.
Döwlet Baştutanymyz Garagum sährasynyň ekologik ýagdaýynyň mundan beýläk-de gowulandyrylmagyna gönükdirilen maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini şertlendirýän çäreleriň ähmiýetlidigini belleýär. Merkezi Garagum ösümlik, hojalyk-ekologik barlaglaryny geçirmekde deňi-taýy bolmadyk tebigy künjekleriň biri bolup durýar. Onuň giňişlikleri, ekoulgamy ilkibaşdaky görnüşinde üýtgewsiz saklanypdyr.
Hormatly Prezidentimiziň dünýäde Garagum sährasynyň goraghana zolaklaryny wagyz etmek meselelerine yzygiderli üns bermegi bilen, ýurdumyzda bu sähralygy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Atanur KLYŞOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Ýaş alymlar geňeşiniň başlygy