Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasy ýerleşýän Nýu-Ýork şäherinde zenanlaryň ýagdaýy baradaky komissiýanyň 61-nji mejlisi geçirildi. Şonuň çäklerinde “Zenanlar syýasatda-2017” atly multimediýaly hasabat taýýarlanypdyr. Hasabatda görnüşi ýaly, häzirki wagtda tutuş dünýäde döwlet we hökümet Baştutany wezipesinde işleýän 17 zenan ýolbaşçy bar. Mundan başga-da, tutuş dünýä boýunça parlamentdäki zenanlaryň paýy 23 göterime, ministr wezipesindäkileriň paýy bolsa 18 göterime deňdir.
Bu hasabat Parlamentara geňeşi bilen BMG-niň “BMG-zenanlar” düzümi tarapyndan taýýarlandy. Mejlisiň çäklerinde geçirilen metbugat ýygnagynda çykyş edenleriň aýtmagyna görä, geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, zenan ýolbaşçylaryň sany 19-dan 17-ä çenli azaldy. 10 ýyl mundan ozalky görkezijilere seredeniňde, ýerine ýetiriji häkimiýetdäki zenan ýolbaşçylaryň sany bary-ýogy 8-e deňdi.
Häzirki wagtda tutuş dünýäde 732 sany zenan ministr bar. Bolgariýa, Fransiýa, Şwesiýa we Kanada ýaly döwletlerde beýleki ýurtlara garanyňda, ministr wezipesinde işleýän zenanlaryň sany agdyklyk edýär.