Fransiýada şu ýylyň 23-nji aprelinde geçiriljek Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyryna 11 dalaşgär gatnaşar. Bu barada ýurduň Konstitusion kazyýeti habar berdi. 3 dalaşgär – Filipp Putu, Žan Lassal we Žak Şeminad zerur bolan halk wekilleriniň 500-siniň goluny soňky sagatlarda jemlemegi başardy. Olary bu saýlawda öňdebaryjy görkezmek kynrak, ýöne käbiri ozalky döwlet Baştutanynyň saýlawlaryna gatnaşypdy.
Konstitusion kazyýetiň başlygy Loran Fabýusyň aýtmagyna görä, gollaryň iň köpüsini Fransua Fiýon jemledi. Oňa 3635 halk wekili goldaw berdi. Bu sanawda ikinji oňat netijäni Benua Amon görkezdi. Onuň jemlän gollarynyň sany 2039-a deň boldy. Ozalky ykdysadyýet ministri Emmanuel Makron hem 1829 gol jemläp, saýlawda ýeňiş gazanmaga mümkinçiligi bolan dalaşgärleriň biridigini görkezdi.
11 dalaşgär: Marin Le Pen, Emmanuel Makron, Fransua Fiýon, Benua Amon, Filipp Putu, Žan Lassal, Žak Şeminad, Žan-Lýuk Melanşon, Nikolýa Dýupon-Enýan, Natali Arto we Fransua Aselino.
Konstitusion kazyýetiň başlygynyň aýtmagyna görä, 2007-nji ýyldaky saýlawlara 12 dalaşgär, 2012-nji ýyldaky syýasy-jemgyýetçilik çäresine 10 dalaşgär gatnaşypdy.
Fransiýada saýlawlar iki tapgyrda – 23-nji aprelde we 7-nji maýda geçiriler.