Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasyna (ÝUNESKO) täze ýolbaşçy bellener. Guramanyň ýerine ýetiriji geňeşi bu jogapkärçilikli wezipe üçin 9 dalaşgäriň hödürlenendigini mälim etdi. Wýetnam, Müsür, Katar, Hytaý, Gwatemala, Yrak, Liwan, Azerbaýjan we Fransiýa öz dalaşgärlerini hödürledi.
ÝUNESKO-nyň baş direktory guramanyň ýerine ýetiriji geňeşiniň teklipleri esasynda Baş maslahatyň çäklerinde saýlanýar. 2017-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde ýerine ýetiriji komitetiň 201-nji mejlisinde dalaşgärler bilen söhbetdeşlik guralar. Oktýabr aýynda geňeşiň 202-nji mejlisinde ses berlişik geçiriler we 2017-nji ýylyň noýabrynda Baş maslahatyň 39-njy mejlisinde gutarnykly netijeler mälim ediler.
Azerbaýjan Respublikasy bu wezipä belli aýdymçy, döwlet we jemgyýetçilik işgäri Polat Bülbülogluny hödürledi. Häzir ol Azerbaýjanyň Russiýa Federasiýasynda Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bolup zähmet çekýär.
ÝUNESKO-nyň häzirki ýolbaşçysy Irina Bokowa şu ýylyň ahyrynda wezipesini tabşyrar.