Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň Pa­ty­şa­sy HHR-iň Baş­ly­gy Si Szin­pin bi­len du­şuş­dy. Ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şy­gyň bar­şyn­da ta­rap­lar öza­ra bäh­bit­li yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­ga has köp üns ber­di­ler. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, şu du­şu­şy­ga ga­bat­lap, köp san­ly yk­dy­sa­dy yla­la­şyk­lar taý­ýar edil­di. Hy­taý bi­len Sa­ud Ara­bys­ta­ny ener­ge­ti­ka, kos­mos, ylym-bi­lim, teh­no­lo­gi­ýa, me­de­ni­ýet we beý­le­ki ugur­lar­da hyz­mat­daş­lyk et­me­gi göz öňün­de tut­ýar. Pe­kin şä­he­rin­de ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ryň çäk­le­rin­de 35 tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Bu tas­la­ma­la­ryň ba­ha­sy 65 mil­liard dol­la­ra ba­ra­bar­dyr.
Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­sy Azi­ýa sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Hy­taý­dan ozal, Ma­laý­zi­ýa­da, In­do­ne­zi­ýa­da we Ýa­po­ni­ýa­da res­mi sa­par­da bol­dy. Şeý­le hem ol Mal­diw ada­la­ryn­da-da sa­par­da bo­ldy.
Ýö­ri­te yk­dy­sa­dy zo­lak dö­re­di­ler
Ýa­po­ni­ýa­nyň hö­kü­me­ti Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­na ýö­ri­te yk­dy­sa­dy zo­lak­la­ry dö­ret­mä­ge kö­mek be­rer. Iki ýur­duň ara­syn­da köp san­ly tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu ba­bat­da iki ýur­duň de­giş­li eda­ra­la­ry­nyň ara­syn­da yla­la­şyk­la­ra gol çe­kil­di.
Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň Pa­ty­şa­sy go­laý­da Azi­ýa ýurt­la­ry­na sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Ýa­po­ni­ýa­da gep­le­şik­ler ge­çir­di. Ol Ýa­po­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Sind­zo Abe bi­len du­şuş­dy. Iki ýur­duň ara­syn­da gol çe­ki­len yla­la­şyk­lar Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň di­ňe bir ne­bi­te bag­ly bo­lup gal­man, dür­li ugur­lar bo­ýun­ça ös­dü­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Ýa­po­ni­ýa Sa­ud Ara­bys­ta­ny­na luk­man­çy­lyk, sy­ýa­hat­çy­lyk hem-de gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri ugur­la­ryn­da kö­mek ber­me­gi mak­sat edin­ýär.