9-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň
günorta böleginde sil suwlaryny sowujy desgalar toplumyny ulanmaga bermek dabarasy boldy.
Hormatly Prezidentimizi Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary garşyladylar.
Döwlet Baştutanymyz açylyş dabarasy mynasybetli ýörite gurnalan mejlisler jaýyna barýar. Hormatly Prezidentimiz ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösmegine kuwwatly itergi berýändigini nygtady. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Aşgabat şäherinde birnäçe önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalardyr desgalary yzygiderli gurup ulanmaga berýäris. Şu gün hem paýtagtymyzyň günorta tarapynda gurlan sil suwlaryny sowujy desgalar toplumyny dabaraly ýagdaýda açyp, işe goýberýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň gurluşygy Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» önümçilik birleşigi» paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirildi. Bu döwrebap desgalar toplumynyň jemi uzynlygy 49 kilometre barabardyr. Sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň gurluşygynda täze binagärlik hem-de inženerçilik çözgütleri, häzirki zaman sanly tehnologiýalary ulanyldy. Bu döwrebap desgalar toplumy suw saklaýjy açyk howuzlary, köprüleri, suw sorujy beketleri, 34 kilometrden gowrak beton bilen berkidilen kanallary, 8 kilometrden gowrak turba geçirijileri we beýleki inženerçilik ulgamlaryny öz içine alýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiz sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň paýtagtymyzyň abadançylygyny üpjün etmekde möhüm orna eýe boljakdygyny nygtap, özboluşly binagärlik aýratynlygyna eýe bolan bu döwrebap desgalar toplumynyň uzak ýyllaryň dowamynda halkymyza netijeli hyzmat etjekdigine pugta ynam bildirdi.
Soňra Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» önümçilik birleşigi» paýdarlar jemgyýetiniň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy I.Bukato hormatly Prezidentimizi hem-de dabara gatnaşyjylaryň ählisini bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, şu gün Türkmenistanyň paýtagty ak mermerli Aşgabatda öz gerimi boýunça täsin sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň açylýandygyny belledi. Bu taslama Russiýanyň «Sewkawgiprowodhoz» hem-de Türkmenistanyň «Türkmensuwylmytaslama» taslama institutlarynyň, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň hünärmenleriniň bilelikdäki işleriniň netijesidir.
Türkmen we rus hünärmenleri örän giň gerimli işleri ýerine ýetirdiler. Bu işleriň deňi-taýynyň ýokdugy Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň köp sanly ylmy bileleşikleri tarapyndan tassyklanyldy we degişli güwänamalar bilen berkidildi. Rus holdinginiň ýolbaşçysynyň habar berşi ýaly, şeýle derejedäki desgada ilkinji gezek innowasion häsiýetli serişde ulanyldy. Ol korroziýa durnuklylygy netijesinde suw desgalaryny gurmak üçin örän amatlydyr. Bu toplumyň çäginiň giň bolandygy üçin geodezik usullarda uçarmansyz uçuş serişdesi – geodeziýa gözegçiligi üçin ýörite kwadrokopter peýdalanyldy, munuň özi gurluşyk işleriniň möhletini düýpli gysgaltmaga mümkinçilik berdi.
Soňra «Selewaýa assosiasiýa» sebitara jemgyýetçilik guramasynyň wise-prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji A.Nosow ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Aşgabat şäheriniň günorta böleginde dünýäde deňi-taýy bolmadyk sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň özboluşly gurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilendigi baradaky güwänamany gowşurýar.
A.Kostýakow adyndaky Gidrotehnika we meliorasiýa baradaky bütinrussiýa gözleg institutynyň direktory, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi W.Şewçenko hem Aşgabat şäheriniň günorta böleginde sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň çäkleriň ýagyn we sil suw akymlarynyň täsirinden inženerçilik goraglylygyny üpjün edýän özboluşly gurluşyk desgasydygy baradaky hem-de sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň çäkleriň ýagyn we sil suw akymlarynyň täsirinden inženerçilik goraglylygyny üpjün edýän gurluşyk desgasynyň daşky gurşawa howpsuzdygy baradaky güwänamalary gowşurýar.
Soňra «Sigmacert» halkara resminamalaşdyryş Bilim we barlag hyzmatlar kompaniýasynyň wekili Hüseýin Ýusuf Gündogar Aşgabat şäheriniň günorta böleginde gurlan sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň gurluşygynyň Standartlaşdyrma boýunça halkara guramanyň ISO 9001:2015 Hil dolandyryş ulgamynyň talaplaryna laýyk gelýändigi baradaky güwänamany gowşurýar.
Hormatly Prezidentimiz sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň binasyna ugraýar. Sabyrsyzlyk bilen garaşylan pursat gelip ýetýär – ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyz dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesýär we täze inženerçilik-tehniki desga açylýar.
Toplumyň gurluşyk döwründe 36 million kubmetrden gowrak ýerasty gum we çagyl gazylyp alyndy, 9 sany sil suwuny toplaýjy howdan guruldy. Sil sowujy we birikdiriji akabalaryň umumy uzynlygy 49 kilometrden gowrakdyr. Akabalaryň 35 kilometrden gowragy betondan ýerine ýetirildi. Akabalary betonlamak işlerinde häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryny, şol sanda uçarmansyz uçuş enjamyny ulanmak arkaly geodezik usullar ulanyldy. Akabalar gurlanda, gidroizolýasiýanyň has ygtybarly bolmagy üçin 9 million metrden gowrak innowasion kompozit armaturasy, şeýle-de 540 müň inedördül metrden gowrak güýçlendirilen geomembrana ulanyldy.
Hormatly Prezidentimiz toplumyň içine girýär we suw sorujy bekediň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşýar.
Suw sorujy beket suwy sormak üçin niýetlenen toplumlaýyn ulgamdyr. Ol hereket edýän we ätiýaçlyk suw sorujylary birleşdirýär. Suw sorujylar turba geçiriji armaturany we beýleki kömekçi enjamlary hem birleşdirýär. Bu ýerde Germaniýanyň «Wilo» kompaniýasynyň iş çarhy, ýörite innowasion nanokeramiki düzüm bilen örtülen 30 sany suwa çümdürilýän suw sorujy gurnaldy. Bu bolsa suw sorujylaryň içinden suw bilen bir hatarda, ownuk daşlaryň, hatda çägäniň geçmegine mümkinçilik bermek bilen, olaryň netijeli işlemegine hiç hili ýaramaz täsirini ýetirmeýär. Suw sorujy beketde gurnalan suw sorujylardan akabalara suwy akdyrmak üçin diametri 1 müň millimetr bolan 9 müň 100 metr turba çekildi.
Sil we ýagyn suwlary akaba ulgamynyň üsti bilen Aşgabat şäheriniň gündogar serhedini yzarlap, şäheriň daşynda demirgazyk tarapa gönükdirilýär hem-de bar bolan suw sorujy akabalara guýulýar. Soňra bolsa suw ýygnamak we onuň ýitmezligi üçin ýörite gurlan «Altyn asyr» Türkmen kölüniň suw goruna baryp guýýar. Bu inženerçilik-tehniki desganyň howpsuzlygy, ekologik talaplara laýyklygy sil suw akabalarynyň akýan ugurlarynda sil suwlaryny toplaýjy desgalaryň gurulmagynyň hasabyna üpjün edilýär hem-de sil we ýagyş suw joşmalarynyň Aşgabat şäherine akmagynyň öňi alynýar.
Hormatly Prezidentimiz wideoşekiller arkaly ornaşdyrylan enjamyň tehniki aýratynlyklary we artykmaçlyklary bilen tanyşýar.
Bekediň işi üç tapgyrdan ybaratdyr. Ilki bilen, suw toplaýjy howdandan gelýän suw birinji bölüme goýberilýär. Suw sorujy bekediň ikinji bölümi gury bolýar. Onda suw sorujylaryň ýerleşýän üçünji kamerasyna suwuň baryp girmegini sazlaýan gapaklar bardyr. Şol ýerden suw betondan gurlan akabalara akdyrylýar. Bu ýerde Germaniýanyň «Wilo» kompaniýasynyň her biriniň önümçilik kuwwatlylygy sekuntda 350 litr bolan 3 sany hereket edýän, 1 sany ätiýaçlyk suw sorujy enjamlary oturdylandyr. Şeýle-de, beketde ýük göterijiligi 5 tonna deň bolan ýörite göteriji kran göz öňünde tutulandyr.
Suw sorujy beket işe girizilmezden ozal, bellenen tertibe laýyklykda, sil suwlaryny ýygnaýjy desganyň ýatagyndaky suw durlanylýar. Soňra nobatçy operator suw sorujy enjamlary işe girizýär. Işçi suw sorujy enjamlar suwy basyş astynda 28 metr beýiklige göterip, sekuntda 1,0 kubmetr suwy diametri 1000 millimetr bolan turba geçiriji arkaly sil suw akabasyna akdyrýarlar.
Şeýle-de, döwlet Baştutanymyz 2-nji sil suwlaryny ýygnaýjy desgany synlady. Bu desga merkezi Köpetdagyň demirgazyk we demirgazyk-gündogar gerişlerinden sil suwlary ýygnanýar. 2-nji sil suw ýygnaýjy desganyň göwrümi 1 million 29 müň 300 kubmetr bolup, bu desga gyşda jarda we ýagyn suw akymlarynda emele gelýän suwlary ýygnamaga niýetlenendir.
Toplumyň hünärmeni hormatly Prezidentimize döwrebap inženerçilik-tehniki desgany gurduryp berendigi, bu ýerde işgärleriň netijeli işlemegi üçin oňaýly şertleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimize sil suwlaryny sowujy desgalaryň, şol sanda sil suwuny sowujy akabalaryň umumy ýerleşdirilişiniň çyzgylary görkezildi.
Döwlet Baştutanymyz täze desganyň aýratynlyklary bilen tanyşmagyny tamamlap, toplumyň işgärlerine üstünlikleri arzuw etdi we toplumyň işgärleri üçin niýetlenen ýeňil awtoulaglaryň, ýörite gurluşyk tehnikalarynyň açarlaryny gowşurdy.