Elektron bölek söwda bilen meşgullanýan “Amazon” kompaniýasy biržalar arkaly häzire çenli görlüp-eşidilmedik ýitgi çekdi. Amerikan kompaniýasy geçen ýylyň iýulyndan bäri 1 trillion dollar ýitirdi. Kompaniýanyň bazar nyrhy birža ýapylanda wagty 879 milliard dollara düşdi. 2021-nji ýylda kompaniýanyň bazar nyrhy 1 trillion 88 milliard dollara ýetipdi. Indi bolsa kompaniýanyň bazar nyrhy 2018-nji ýylyň iýun aýyndaky ýagdaýa geldi.
Dünýäniň iň gymmat brendleri hasaplanýan beýleki tehnologiýa kompaniýalarynda hem ýagdaý şeýleräk. Mysal üçin, “Microsoft” kompaniýasy 900 milliard dollara golaý ýitgi çekdi. ABŞ-nyň iň gymmat 5 tehnologiýa ägirdi şu ýylyň başyndan bäri 4 trillion dollar ýitirdi.
Şeýle-de bolsa, bu kompaniýalar, esasan, 2018-nji ýyldan soňra gysga wagtda gymmatyny artdyrypdylar.