Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­sy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si­ne gat­naş­mak üçin Öz­be­gis­ta­nyň ga­dy­my ta­ry­hy şä­he­ri ha­sap­lan­ýan Sa­mar­kant şä­he­ri­ne bar­dy.
Sa­mar­kan­tyň hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­de Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowy Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Ab­dul­la Ari­pow we beý­le­ki res­mi adam­lar gar­şy­la­dy.
Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­sy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si­ne gat­naş­mak üçin Tür­ki­ýä­niň Pre­zi­den­ti Re­jep Taý­ýip Er­do­gan, Azer­baý­ja­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýew, Ga­za­gys­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýew, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Sa­dyr Ža­pa­row hem-de gu­ra­ma­nyň syn­çy ag­za­sy Weng­ri­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Wik­tor Or­ban düýn Öz­be­gis­ta­nyň Sa­mar­kant şä­he­ri­ne bar­dy­lar.
Bu ba­ra­da Öz­be­gis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň met­bu­gat gul­lu­gy ha­bar ber­ýär.