Mozambigiň paýtagty Maputonyň demirgazygyndaky kenarýaka Makaneta etrabynda ýaşaýan Karlos Serra çüýşelerden jaý gurdy. Serra jaýyň diwarlaryny gurmak üçin dürli reňkli çüýşelerden peýdalanypdyr. Ol täsin binagärik gurluşy bolan bu jaýyň daş-töweregine we howlusyndaky ýola çüýşe “düşäpdir”. Bu jaýy gurmak üçin 200 müň çüýşe ulanylypdyr. Içginiň dürli görnüşi, ösümlik ýagy, arassa suw we beýleki suwuklyklar guýlan dürli ölçegdäki gaplar özboluşly bezeg bolupdyr. Serra bu çüýşeleriň diňe jaý ýasamakda gurluşyk materialy hökmünde ulanylmandygyny, eýsem, kenarýaka sebitiň arassa bolmagyna hem goşant goşandygyny belleýär. Ol bu çüýşeleri goňşy-golamlaryndan satyn alypdyr.