13-nji noýabrda Sloweniýada geçirilen Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda partiýasyz dalaşgär, aklawçy Nataşa Pirs-Musar 53,86% ses bilen ýeňiş gazandy.
Respublikanyň Döwlet saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, saýlawçylaryň 46,14%-i ýurduň öňki daşary işler ministri, Sloweniýanyň demokratik partiýasynyň orunbasary Anže Logara ses berdi. Jemleýji netijeler 29-njy noýabrda belli bolar. Saýlanan Prezident şu ýylyň 23-nji dekabrynda öz wezipesinde iki möhlet işlän hem-de Respublikanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, üçünji gezek dalaş edip bilmeýän häzirki Prezident Borut Pahoryň ygtyýarlyklarynyň möhleti gutarandan soň wezipesine girişer.
Ýurtda 1,7 million töweregi raýatyň ses bermäge hukugy bar.