17-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň “Goetzpartners Corporate Finans GmbH” we “Prodoehl Consult GmbH” nemes kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem dürli geljegi uly taslamalar we maýa goýum hyzmatdaşlygy barada pikir alyşdy.
Saparyň çäginde nemes işewür wekiliýetiniň Türkmenistanyň Hökümetinde birnäçe duşuşyklary geçirilmegi meýilleşdirilýär.