“Interbrand”-yň profil gory 2022-nji ýylda dünýäde iň gymmat kompaniýalaryň reýtingi bilen tanyşdyrdy. “Apple” ýene-de sanawyň öňüni çekdi.

“Apple” kompaniýasy 10 ýyl bäri yzygiderli birinji orunda durýar. Şu ýyl korporasiýanyň bahasy 482,2 milliard dollara deň boldy. Bu 2021-nji ýyla garanyňda, 18% köpdür.

Ilkinji bäşlikde, diňe birinden galany amerikan kompaniýalarydyr. Koreýaly “Samsung” 87,7 milliard dollar bilen bäşinji ýeri eýeledi.

Hünärmenler 2022-nji ýylyň kompaniýalar üçin has üstünlikli ýyl bolandygyny mälim etdiler. Ählisiniň bahasy ortaça 16% ýokarlandy. Hemme öňdebaryjylaryň umumy bahasy rekord 3,1 trillion dollara deňdir.