Dün­ýä­niň myh­man­ha­na te­le­ke­çi­li­gin­de öň­de­li­gi eýe­le­ýän “Mar­riott” kom­pa­ni­ýa­sy “Star­wo­od” şe­re­ke­ti­ni sa­tyn alan­dan soň­ra, sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da­ky ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­ny çalt­lan­dy­ryp, 2019-njy ýy­la çen­li ozal bar bo­lan myh­man­ha­na­la­ry­nyň üs­tü­ni 300 müň sa­ny tä­ze myh­man­ha­na ota­gy bi­len ýe­tir­mek is­le­ýär. Bu hem her 14 sa­gat­da tä­ze bir myh­man­ha­na­nyň ulan­ma­ga be­ril­jek­di­gi­ni aň­lad­ýar.
Kom­pa­ni­ýa ABŞ-nyň hem-de Hy­ta­ýyň ba­za­ryn­da­ky or­nu­ny has-da ber­kit­mek is­le­ýär. Öň­de goý­lan mak­sat­la­ra ýet­mek üçin gir­de­ji­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň me­ýil­na­ma­sy­nyň hem üs­tün­de iş­le­ýän kom­pa­ni­ýa has köp myh­man­ha­na gu­rup, 675 mil­li­on dol­lar möç­be­rin­de goş­ma­ça gir­de­ji ga­zan­ma­gy mak­sat edin­ýär.
Bu­lar­dan baş­ga-da kom­pa­ni­ýa 3 ýyl­lyk mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, her bir ota­ga düş­ýän gir­de­ji­si­ni 1 bi­len 3 gö­te­rim ara­syn­da art­dyr­ma­gy göz öňün­de tut­ýar.
ABŞ-nyň Me­ri­lend şta­tyn­da ýer­leş­ýän “Mar­riott” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň 122 ýurt­da 6 müň­den gow­rak myh­man­ha­na­sy bar. 2019-njy ýy­la çen­li gu­rul­jak tä­ze myh­man­ha­na­la­ry bi­len kom­pa­ni­ýa tu­tuş dün­ýä­dä­ki myh­man­ha­na­la­ryň 80 gö­te­ri­mi­ne eýe bo­lar.
Kom­pa­ni­ýa­nyň dü­zü­min­de “Wes­tin”, “Le Méri­dièn”, “Re­na­is­sance”, “St. Re­gis”, “Ritz-Carl­ton”, “Fo­ur Points by She­ra­ton”, “AC Ho­tels”, “Pro­tea”, “Aloft” we “Moxy” ýa­ly brend­ler bar.