Hy­ta­ýyň iri in­ter­net ar­ka­ly söw­da amal­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­ýän kom­pa­ni­ýa­sy “Ali­ba­ba Group” Ma­laý­zi­ýa­da se­bit bo­ýun­ça lo­gis­ti­ka mer­ke­zi­ni dö­ret­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Şeý­le hem bu kom­pa­ni­ýa Ma­laý­zi­ýa­nyň hö­kü­me­ti bi­len bi­le­lik­de, er­kin söw­da üçin san­la­ýyn zo­la­gy dö­ret­me­gi hem göz öňün­de tut­ýar. Bu ýag­daý se­bit­de or­ta we ki­çi te­le­ke­çi­li­giň ös­me­gi üçin elekt­ron söw­da iş­le­ri­ni ýo­la goý­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.
Ma­laý­zi­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Na­jib Tun Ra­zak we “Ali­ba­ba Group” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň do­lan­dy­ry­jy­lar ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Jek Ma Kua­la-Lum­pur şä­he­rin­de er­kin söw­da üçin san­la­ýyn zo­la­gy dö­ret­mek ba­bat­da­ky tas­la­ma ba­dal­ga ber­di­ler. Ma­laý­zi­ýa Hö­kü­me­ti­niň baş­ly­gy Hy­ta­ýyň bu kom­pa­ni­ýa­sy­nyň öz ýur­dun­da san­la­ýyn yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek üçin iň amat­ly hyz­mat­daş bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Jek Ma öz çy­ky­şyn­da er­kin söw­da zo­la­gy­nyň ha­sa­by­na dö­re­dil­jek tä­ze teh­no­lo­gi­ýa se­riş­de­le­ri ar­ka­ly or­ta we ki­çi te­le­ke­çi­li­giň has-da ös­jek­di­gi­ni bel­le­di.