“American Airlines” awiakompaniýasy Hytaýyň “China Southern Airlines” şereketiniň paýnamalaryny satyn almagy meýilleşdirýär. Bu barada iki kompaniýanyň arasynda degişli gepleşikler geçirilýär. Şeýle hem gepleşikleriň çäklerinde strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Entek gepleşikler boýunça gutarnykly netijä gelinmedi.
“American Airlines” awiakompaniýasy ýolagçy gatnatmakda hem-de geçen ýol boýunça dünýäde öňdebaryjy kompaniýalaryň biri bolup, ol 1930-njy ýylda esaslandyryldy. 2016-njy ýylyň maglumatyna görä, kompaniýanyň kapitaly 19,7 milliard dollara deňdir.