2027-nji ýyla çenli Ýewropa Bileleşiginiň çäginde täze awtobuslaryň hiç birisi howa we adama zyýanly bolan gazlary atmosfera goýbermeli däldir. Bu maksada 11 şäher we jemgyýetçilik guramalary bilelikde ýetmegi maksat edinýär. Pariž, Barselona we Milan benzin bilen işleýän awtobuslary ýatyrmagyň soňky möhletini teklip edýän şäherleriň arasyndadyr. Arassa ulag hereketiniň (Transport&Environment) ýolbaşçylarynyň biri, arzan düşjek “ýaşyl” alternatiwalaryň bardygyna ynanýar:
Şäher häkimlikleri we raýat jemgyýetiniň beýleki wekilleri Ýewropa Komissiýasyndan 2027-nji ýylda şäherlerdäki ähli täze awtobuslaryň howa goýberýän gazynyň nol derejede bolmagyny isläp ýüz tutdular. Bu bolsa olaryň elektrik ýa-da wodorod bilen hereket etmelidigini aňladýar. Şäherlerde elektroulaglaryna bolan isleg barha artýar we bu ýagdaý şeýle awtobuslary öndürmäge höwes döretmek üçin gaty gowy usul. Bu bolsa öz gezeginde bahalaryň arzanlamagyna sebäp bolar. Köp şäherlerde jemgyýetçilik ulaglary gaty gymmat we üpjünçiligiň artmagy bahalaryň derejesini peselder – diýip, Jeýms Nik aýtdy.
Belgiýanyň paýtagtynda eýýäm käbir ýollarda elektroawtobuslary ulanylýar. Olar ýoluň ahyrynda saklanyp, 10 minut zarýad alýarlar-da ýene-de ýola düşýärler. Niderlandlaryň ähli esasy şäherlerini goşmak bilen birlikde, dünýäniň 40 künjegindäki beýleki şäherler öz öňlerinde 2025-nji ýyla çenli zyýanly gazlary çykarmaýan awtobuslary satyn almagy maksat edinýärler. Ýewropanyň daşky gurşaw boýunça komissary häzirlikçe haýsydyr bir möhleti yglan etmedi, ýöne şäherleriň başlangyjyny dogry ugurda oňat ädim hökmünde görýär:
-Ilki bilen, ýerli häkimiýetler we jemgyýetçilik guramalary görelde bolmaly. Galyberse-de, uly býudjetli şäherleriň howany hapalamaýan awtobuslary satyn almaga ýagdaýlary bolmasa, onda raýatlardan elektroulag sürmegi talap edip bolarmy? Şonuň üçin bu hökmany zat diýip pikir edýärin. Bu raýatlaryň ählisi üçin gowy görelde boljak ilkinji ädimdir – diýip, Wirginiýus Sinkýawiçýus aýtdy.
Ýewropa Komissiýasy awtobuslar we ýük awtoulaglary üçin uglerod zyňyndylary baradaky teklibini şu ýylyň ahyryna çenli çap etmekçi. Soňra howany hapalaýan awtobuslary köçelerden aýyrmagyň iň soňky möhleti mälim edilip bilner.