Deňizde ýaşaýan towşanjyk

301

Dünýäde derýalaryň, ummanlaryň geň galdyryjy we syrly suwasty ösümlik we haýwanat dünýäsi bardyr. Olar biri-birinden ýaşaýyş aýratynlygy, göwrümi we owadanlygy bilen tapawutlanýarlar. Şeýle täsin suwasty dünýäniň ajaýyp deňiz jandarlarynyň biri-de “Deňiz towşanjygydyr”. Olaryň 3000-den gowrak görnüşi bardyr.

Deňiz towşanjygy ak, sary, mämişi şeýle-de adaty däl reňklerde gabat gelýär. Onuň daşky keşbi owadan togalak şekilli, ýumşajyk sütük bilen örtülendir. Ol sütükler bu jandaryň arkasyny örtýän karýofillidler diýip atlandyrylýar. Iki sany gulajygy bardyr. Olar iýmit tapmak üçin şeýle hem suw akymyň ugruny kesgitlemek üçin duýgy organy bolup hyzmat edýär. Bu kiçijik deňiz jandary molýuskalara degişlidir. Deňiz towşanynyň bu görnüşlerini ilkinji gezek meşhur ýapon deňiz biology Kikutaro Baba tarapyndan Ýaponiýanyň suwasty sebitlerinden tapyldy. Olar Hindi ummanynyň we Ýuwaş ummanynyň suwasty dünýäsinde hem ýaşaýarlar.

Deňiz towşanjygy zäherli maddany bölüp çykarýar.  Bu tebigy häsiýeti ony daşky duşmanlardan  we beýle howplardan goraýar. Ol awuny gulajyklarynyň kömegi bilen tapýar.

Deňiz towşanjygynyň ýaşaýyş dowamlylygy gysga bolýar. Has takygy ortaça birnäçe aýdan birnäçe ýyla çenli bolýar.

Amangül SEÝITMUHAMMEDOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby