21-nji noýabrdan başlap Belgiýada ozal kabul edilen karara laýyklykda dört günlük iş hepdesine geçildi. Ýurtda diňe hususy eýeçilige degişli edara-kärhanalarda hepdede 5 günüň deregine 4 gün işlenip başlandy. Bu düzgüniň ýola goýulmagy üçin ýurduň hökümeti täze düzgüni ýola goýmak babatda netijä gelipdi. Işçiniň islegine bagly bolan bu düzgüne görä, hepdelik 38 sagatlyk işini 4 günde ýerine ýetirip biler. Şeýlelikde, hepdäniň ahyryndaky dynç günleri 2 däl-de, 3 güne çykdy. Işgär islese üçünji dynç gününi hepdäniň ahyrynda ýa-da hepdäniň içinde hem alyp biler. Iş berijiniň bu düzgüne ýola goýmazlygyna garşy çykmaga hukugy bar. Emma munuň üçin esas görkezilip, hat üsti bilen işçä mälim edilmeli.