Deňizdir ummanlarda ululy-kiçili janly-jandarlaryň müňlerçe görnüşi ýaşaýar. Jon Oklend atly iňlis işewüri “Seafields” taslamasynyň çäklerinde ummanyň ýüzünde giň suwoty meýdanlaryny döretmek isleýär. Umumy meýdany 55 müň inedördül kilometr boljak taslama oňyn netije beren ýagdaýynda her ýylda howadaky bir milliard tonna kömürturşy gazy azalar. Ýer ýüzünde atmosfera her ýylda 50 milliard tonna kömürturşy gazynyň goýberilýändigi çaklanylýar. Şeýlelikde howa goýberilýän zyýanly gazyň 2 göterimi arassalanar. Şeýle teklibi deňiz biology Wiktor Smetaçek orta atypdyr. Häzirki wagtda bu taslama Karib deňzinde we Meksikanyň golaýynda synagdan geçirilýär. Professor Smetaçek sowotularyň deňizlerde emele gelýän tegelek girdaplardaky çalt ösüşine haýran galandygyny aýdýar. Ol bu suw akymynyň deňiz ýüzündäki ähli zady bir ýere jemleýändigini belleýär. Onuň sözlerine görä deňizdäki akymlar mundan ozal plastik galyndylary bir ýere jemlemegi bilen haýran galdyrypdy.
Jon Oklend bu akymlaryň suwotulary hem pytratmazdan bir ýerde saklap biljekdigini belleýär. Tropik sebitlerde deňiz suwunyň has köp bugarmagy netijesinde onuň ýüzündäki suw has şor we iýmitsiz bolýar. Şol sebäpli şeýle ýerlere “deňizdäki çöller” hem diýilýär. Suwotularyň has oňat ösmekleri üçin deňziň aşagyndan sowuk we iýmite baý bolan suwuň ýokary çykarylmagy göz öňünde tutulýar. Şeýlelikde, otlar has çalt öser. Şeýle synaglaryň ilkinjisi geljek ýyl ýola goýlar.
Agajuma Gurdow, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyñ mugallymy.
PDF









