Merkezi edarasy Taiwanda ýerleşýän TSMC kompaniýasynyň esaslandyryjysy Morris Çan ABŞ-nyň Arizona ştatynda täze önümçilik desgasyny gurýandyklaryny belledi. umumy bahasy 12 milliard dollar bolan bu desgada has kämil 3nm çipleriň önümçiligi ýola goýlar. Täze desga häzirki wagtda 5nm çip öndürýän zawodyň golaýynda gurulýar. Täze desgada “Apple” kompaniýasynyň “iPhone” smartfonlary, “iPad” planşetleri we “Mac” kompýuterleri üçin komponentler öndüriler. Dünýäniň iň köp çip öndürýän kompaniýasy bolan TSMC kompaniýasy soňky ýyllarda ABŞ-daky önümçilik desgalaryny we ylmy-barlag merkezleriniň sanyny artdyrdy. Maglumatlara görä, TSMC şu ýylyň birinji çärýeginde ýarymgeçiriji bazarynyň 70 göterimine eýeçilik etdi.
Orazbibi Berdiýewa, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.