Braziliýada kriptopullaryň käbir şertleri ýerine ýetiren ýagdaýynda töleg serişdesi hökümnde ulanylmagyna mümkinçilik berýän kanunçylyk güýje giriziler. Mundan ozal Salwadorda şeýle düzgün ýola goýlupdy. Braziliýada hem bu düzgüniň ýola goýulmagy üçin ses berlipdi. Indi bolsa, bu teklibe Wekiller palatasy hem rugsat berdi. täze düzgüne görä, kriptopul kompaniýalary degişli rugsatnama almaly bolarlar. Kanun taslamasy Ministrler geňeşi tarapyndan tassyklanandan soňra güýje girer.