Mongoliýada tapylan dinozawr galyndylarynyň üstünde geçirilen barlaglarda dinozawr täze görnüşiniň tapylandygy mälim edildi. Bu barlaglar irki döwürde ýaşap geçen bu jandarlaryň häzirki wagtda bar bolan pingwinler ýaly suwa çümýän emma uçup bilmeýän guşlara meňzeş bolandygyny ýüze çykardy. “Communication Biology” žurnalynda neşir edilen gözlegiň netijelerinde Mongoliýanyň Omnogowi welaýatynda tapylan dinozawryň täze görnüşi “Natovenator polydontus” diýlip atlandyryldy. Ol “köp dişli ýüzýän ýyrtyjy” diýmegi aňladýar. Alymlar bedeni bilen deňeşdirilende uly eňegi we adaty bolmadyk dişleri bolan “Natovenatoryň” balyk ýa-da mör-möjekler bilen iýmitlenendigini takmyn edýärler.
Maksat TAGANOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.