Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ýun Sok Ýol 2032-nji ýy­la çen­li Aý mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­gi mak­sat edin­ýän­dik­le­ri­ni mä­lim et­di. Preiz­dent Ýun kos­mo­syň glo­bal yk­dy­sa­dy­ýe­ti ug­ruk­dy­ryp bil­jek­di­gi hem-de adam­za­dyň ýüz­be-ýüz bol­ýan me­se­le­le­ri çö­züp bil­jek­di­gi­ni na­zar­da tut­ýan ga­ra­ýyş bi­len öňe iler­le­jek­dik­le­ri­ni aý­dyp, kos­mos güý­ji ar­zu­wy­nyň uzak gel­jek däl­di­gi­ni, ça­ga­lar we ýaş­lar üçin müm­kin­çi­lik we umyt­dy­gy­na ün­si çek­di. Ýun Sok Ýol ýur­duň 2032-nji ýy­la çen­li Aýa kos­mos gä­mi­si ýol­la­jak­dyk­la­ry­ny we gel­je­giň kos­mos yk­dy­sa­dy­ýe­ti mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de Aý­da­ky çeş­me­le­riň üs­tü­niň açyl­jak­dy­gy­ny, Aý mak­sat­na­ma­sy üçin 5 ýy­lyň do­wa­myn­da ra­ke­ta iş­le­nip taý­ýar­lan­jak­dy­gy­ny aýt­dy.
Pre­zi­dent Ýun uzak möh­let­le­ýin mak­sat­na­ma­nyň çäk­le­rin­de Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň 2045-nji ýyl­da giň­den bel­le­nil­jek ýur­duň Azat edi­len gü­nü­niň 100 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li Mar­sa kos­mos gä­mi­si­ni gon­dur­ma­gyň mak­sat edi­nil­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Bu mak­sat­na­ma­nyň çäk­le­rin­de kos­mos se­na­ga­ty­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi we hü­när­men­le­riň bi­li­mi­ne hem üns be­ril­jek­di­gi mä­lim edil­di.
Ýur­duň in­že­ner­le­ri­niň iş­läp taý­ýar­lan “Nu­ri” ra­ke­ta­sy şu ýy­lyň 21-nji iýu­nyn­da kos­mo­sa uçu­ry­lyp­dy. Aw­gust aýyn­da bol­sa Aýy öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len KPLO eme­li hem­ra­sy­ny uçu­ryp­dy.