Häzirki wagtda Katarda dowam edýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň çäginde “Qatar Camel Mzayen” gözellik bäsleşigi geçirilip, onuň çäklerinde dünýäniň “iň owadan” düýesi saýlandy. Bu çäre Kataryň myhmanlaryny ýerli medeniýet we däp-dessurlar bilen tanyşdyrmagy maksat edindi.
Ýurduň paýtagty Dohadan 25 kilometr uzaklykda ýerleşýän Şahaniýe sebitinde geçen bäsleşige 700 düýe gatnaşdyrylyp, olaryň belli bir bölegi Pars aýlagynyň dürli ýurtlaryndan getirilipdir. Gözellik bäsleşigine gatnaşýan düýeleri synlamaga futbol boýunça dünýä çempionatynyň janköýerleri hem geldi.
Janawarlaryň eýelerine berilýän baýrak futbol topunyň şekilinde ýasalypdyr. Guramanyň tumarynda “Humer” atly düýe şekillendirilip, onuň aýagynda futbol topy, üstüne bolsa, gadymdan gelýän katar lybasy atylan. “Huwer” sözüni arap dilinden terjime edeniňde “köşek” diýen manyny berýär. Gözellik bäsleşiginiň baýrak gaznasy 10 million riala barabardygy habar berilýär.