Bel­gi­ýa­nyň Wal­lo­ni­ýa we­la­ýa­tyn­da Ýew­ro­pa­da­ky iň uly ener­gi­ýa sak­la­ýyş des­ga­sy­ny işe gi­riz­di. Bu ýer­de 40 li­tiý-ion ba­ta­re­ýa­lar elekt­rik to­gu­ny sak­la­ýar we ho­wa şert­le­ri se­bäp­li ýel we Gün elekt­rik stan­si­ýa­la­ryn­dan alyn­ýan ener­gi­ýa ýet­mez­çi­lik eden­de li­ni­ýa­ny ener­gi­ýa bi­len üp­jün ed­ýär. “Cor­sica So­le” şe­re­ke­ti­niň dur­mu­şa ge­çi­ren tas­la­ma­sy ener­gi­ýa­nyň dur­nuk­ly­ly­gy­ny ga­zan­ma­ga ýar­dam eder. Kom­pa­ni­ýa­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li we­ki­li Maýkl Ko­di­ser ba­ta­re­ýa­la­ryň bu ýer­de ön­dü­ril­ýän aras­sa ener­gi­ýa çeş­me­le­ri ar­ka­ly zar­ýad al­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär. Sak­la­ýyş des­ga­sy sa­gat­da 100 MWt elekt­rik ge­çi­rip bi­ler. Bu ýer­dä­ki her ba­ta­re­ýa­nyň ba­ha­sy tak­my­nan 800 müň ýew­ro dü­şüp­dir. Tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin bol­sa, 30 mil­li­on ýew­ro sarp edi­lip­dir. Bir­nä­çe äpet ba­ta­re­ýa­dan dur­ýan bu des­ga­lar soň­ky ýyl­lar­da iri şä­her­ler­de elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň ýet­mez­çi­lik ed­ýän wag­tyn­da ýü­ze çyk­ýan bök­denç­lik­le­ri ara­dan aýyr­mak mak­sa­dy bi­len gu­rul­ýar. Bu des­ga­lar ener­gi­ýa­nyň ar­tyk­maç ön­dü­ril­ýän wag­ty zar­ýad alyp, köp sarp edil­ýän wag­ty elekt­rik li­ni­ýa­sy­ny ener­gi­ýa bi­len üp­jün ed­ýär.

Ataş Gan­dy­mow,
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.