Ýaponiýanyň “Japan Post” logistika kompaniýasy 2023-nji ýyldan başlap, harytlary müşderileriniň salgysyna dron arkaly ibermegi ýola goýar. Bu hyzmat üçin peýdalanyljak uçýan enjamlar 32 kilometre çenli ýol geçip bilerler. Ýurtda dron hyzmatyny ýola goýmak maksady bilen degişli kanuna hem üýtgeşmeler we goşmaçalar girizildi. Mundan ozal uçarmansyz howa gämileriniň ilatly nokada 5 kilometrden köp golaýlaşmagy gadagandy. 2023-nji ýylyň aprelinden başlap, ...