Amerikan hünärmenleriniň soňky geçiren barlaglarynda, şekerden saklanmagyň haýran galdyryjy netijeleri ýüze çykaryldy. Munuň üçin 700 adamyň gatnaşmagynda synag geçirilipdir. Meýletinçileriň iýmit sanawyndan 9 günläp şekeri dolulygyna aýrypdyrlar. Görüp otursalar, şekerden saklananlaryň saglyk ýagdaýy has-da gowulaşypdyr. Alymlar şekerden saklanmagyň netijesinde, gan basyşynyň durnuklaşýandygyny, holesteriniň derejesiniň pese düşýändigini, şeýle hem, ganda insuliniň toplanmasynyň peselýändigini bellige alypdyrlar. Şeýlelikde, bilermenler şekerden yzygiderli gaça durmagyň peýdasyny mälim etdiler. Ýöne şekeri iýmit sanawyndan doly aýyrmak barada hiç zat aýtmadylar.
Gepiň gerdişine görä, duýduryş diňe saharoza (glýukozaly we miwe gantly gamyş ýa-da şekerçiňrik gandy) degişli däldir. Mysal üçin, fruktoza ýag almaklyk, süýjükesel, ýüregagyry we insult howpuny artdyrýar. Ýöne miwelerde ters täsirleriň güýji belli bir derejede aşak gaçýar. Barselona uniwersitetiniň işgärleri gemrijilerde barlag geçirip, olara iki aýratyn görnüşli ýönekeý şekerden beripdirler. Görüp otursalar, fruktozaly suw içen jandarlar, glýukozaly suw içen jandarlara garanyňda, has köp agram ýygnapdyrlar. Şeýle hem, fruktoza maddalaryň çalşygyna, damar ulgamyna, bagra (ýag gatlagynyň emele gelme howpunyň ýokarlanmagy) ýaramaz täsir edýän eken.