14-nji dekabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn sammit geçiriler. Sammitde söwda, energetika we ulag ulgamlarynda üç doganlyk ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna gönükdirilen meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Sammite gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanda saparda bolar. Sammitiň çäklerinde degişli ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga itergi berjek birnäçe ylalaşyklara gol çekiler. Sammitiň çäklerinde ikitaraplaýyn gepleşikleriň geçirilmegine hem garaşylýar.