27-nji sentýabrtda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli giň gerimli baýramçylyk dabaralary Watanymyzyň ähli künjegini gurşap aldy. Bagtyýar halkymyz bu möhüm senäni döretmek, gurmak, öňegidişlik we gülläp ösüş ýolunda gazanan ägirt uly üstünlikleri, uly baýramçylyk ruhy bilen garşylaýar.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli esasy dabaralar Döwlet münberiniň öňünde ýaýbaňlandyryldy. Dabaraly harby ýörişiň dowamynda Watanymyzyň goranyş kuwwaty, halkymyzyň parahat we asuda durmuşynyň, mukaddes serhetlerimiziň, Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň goragynda duran türkmen esgerleriniň ýokary hünär ussatlygy, başarjaňlygy görkezilýär.
Baýramçylyk görnüşinde bezelen Döwlet münberi köp sanly myhmanlary garşylady. Şolaryň hatarynda Hökümet agzalary, Mejlisiň Başlygy, Halk Maslahatynyň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri, daşary ýurtlaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, baýramçylyk mynasybetli ýurdumyza gelen daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary bar.
Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşun görnüşleriniň harby gullukçylary nyzama düzüldi.
Dаbаrаly hаrby ýörişiň sеrkеrdеsi polkownik R.Aýazow goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýewe Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň gözden geçirilişe taýýardygy barada hasabat berýär. B.Gündogdyýew hasabaty kabul edýär.
Sagat 10:00. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän dabaraly harby ýörişiň geçirilýän ýerine gelýär.
Bellenen ýerde Türkmenistanyň goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa Ýaragly Güýçleriň şahsy düzüminiň dabaraly harby ýörişe taýýardygy barada hasabat berýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty kabul edip, ýörite awtoulagda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän dabaraly harby ýörişe gatnaşyjylaryň hatarlarynyň öňünden geçýär. Şahsy düzüm hormatly Prezidentimizi «Belent Serkerdebaşa şöhrat!» diýen sözler bilen dabaraly garşylaýar.

Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy dabara meýdançasynyň merkezinde — münberiň ýanynda saklanýar. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow dabaraly harby ýörişe gatnaşyjylara ýüzlenýär:
— Salam, hormatly esgerler we serkerdeler!
— Salam, Belent Serkerdebaşymyz! — diýip, harby talyplar, esgerler we serkerdeler jogap berýärler.
Soňra hormatly Prezidentimiz dabaraly harby ýörişe gatnaşyjylary mübärekledi:
— Hormatly Watan goragçylary, sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli gutlaýaryn!
Şol pursat dabaraly harby ýörişe gatnaşyjylaryň ählisi bir wagtda «Ura!» diýip seslenýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz Döwlet münberiniň syn ediş ýerine barýar.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Baýdak sütüninde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy belende galdyrylýar.
Meýdançada nyzama düzülen serkerdeler, esgerler we harby talyplar Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize wepalylyk baradaky mukaddes kasamy aýdýarlar.
Däp boýunça baýramçylyk ýörişini baýdakçylar topary açýar. Olar dabaraly ýörişiň owazy astynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşun görnüşleriniň baýdaklaryny göterip, münberiň öňünden batly gadamlar bilen geçýärler. Soňra münberiň öňünden Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary sazlaşykly gadam urup geçýärler.
Zenan harby gullukçylar şu gezekki dabaraly harby ýörişiň bezegine öwrüldi. Olar ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda Watanymyza wepaly gulluk edýärler. Dabaraly harby ýörişi Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň serkerdeler batalýony dowam edýär. Olary göreniňde, ata Watanymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň ygtybarly ellerde saklanýandygyna ýene bir gezek göz ýetirýärsiň. Olaryň yzysüre ýurdumyzda kanunçylygy we hukuk tertibini üpjün etmäge uly goşant goşýan içeri işler edaralarynyň serkerdeler düzümi geçýär. Harby ýörişi Milli howpsuzlyk ministrliginiň serkerdeler batalýony dowam edýär.
Meýdançadan Döwlet serhet gullugynyň serkerdeleri geçýärler. Olar berkarar Watanymyzyň dostluk we doganlyk serhetlerini, döwletiň hem-de halkyň mizemez daýanjyny, rowaçlygyny we abadan durmuşyny alamatlandyrýan mukaddes çäklerini gözleriniň göreji deýin goraýarlar. Döwlet gümrük we migrasiýa gulluklarynyň serkerdeler batalýonlary meýdançadan batly gadamlar bilen geçýärler.
Içeri işler ministrliginiň institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň, Serhet institutynyň talyplary münberiň öňünden sazlaşykly ýöräp geçýärler. Beýleki ýokary okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, bu institutlarda hem okuw-terbiýeçilik işleri häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýär.
Motoatyjylar batalýonynyň esgerleri-de söweşjeň taýýarlygyň we ýokary ussatlygyň nusgasyny görkezmek bilen, Watanymyzyň parahatçylygynyň, abadançylygynyň üpjün edilmegine uly goşant goşýarlar. Olaryň yzy bilen baýramçylyk meýdançasynda Harby-howa güýçleriniň uçarmanlary peýda bolýarlar. Türkmen uçarmanlary Watanymyzyň asuda asmanyny ygtybarly goraýarlar. Soňra meýdançadan tankçylar we artilleriýa batalýonlary geçýär. Olar häzirki zamanyň kuwwatly harby tehnikalaryny dolandyrmaga ussatlarça erk edip, berkarar Watanymyzyň goragynyň mizemez galkany bolup durýarlar.
Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanyp guralýan dabaraly harby ýörişde aragatnaşykçy harby gullukçylar ilkinji gezek buýsançly gadamlar bilen geçýärler. Deňiz-pyýada we Dag atyjylar batalýonlary hem şu gezekki gözden geçirilişe gatnaşdylar. Olar harby okuw-türgenleşik çäreleriniň dowamynda ýokary ussatlygyny görkezýärler.
Meýdança Goranmak ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň we Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Döwlet serhet gullugynyň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen «Türkmen edermen» diýlip at berlen ýörite maksatly batalýonlarynyň esgerleri çykýarlar. Bu bölümiň harby gullukçylarynyň tapawutly aýratynlygy söweşjeň, nazary we beden taýýarlygynyň ýokary derejesinden, batyrlykdan hem-de aýgytlylykdan ybaratdyr.
Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly senesi mynasybetli 35 atlydan ybarat atçylyk toparynyň baýramçylyk ýörişi dabaranyň aýratyn bezegine öwrüldi. Ady rowaýata öwrülen ganatly bedewler gaýduwsyz ýigitlerimiziň wepaly ýoldaşy, baýramçylyklarda olaryň ýakyn dostlary bolupdyr.
Döwlet münberiniň meýdançasynda gurnalan ýörite uly ekran arkaly çärä gatnaşyjylar göni ýaýlymda Hazar deňzinde geçirilýän harby deňiz flotunyň baýramçylyk ýüzüşini synladylar.
Harby-deňiz güýçlerine gelip gowşan, iň kämil ýaraglar bilen enjamlaşdyrylan «Deňiz han» korwet söweşjeň gämisi baýramçylyk gözden geçirilişini açýar. Bu kuwwatly gämi deňziň üstündäki we astyndaky, howadaky hem-de gury ýerdäki nyşanalary ýok etmäge ukyplydyr. Onuň yzy bilen «Edermen», «Gaýratly» raketa gämileri dabaraly ýüzüşi dowam edýär. Olar ýurdumyzyň deňiz serhetleriniň howpsuzlygyny üpjün edýär.
Soňra gezek Milli goşunymyzyň düzüminde duran döwrebap harby tehnikalara ýetýär. Meýdançadan dürli kysymly goşunlaryň mehanizirlenen hatary geçip başlaýar. Dabaraly harby ýörişiň öňüni «INKAS TITAN» kysymly sowutlanan harby awtoulag çekýär. Onuň ýöriş hatary bilen «DAGOR» kysymly harby awtoulaglarda Watan goragçylary öz wepaly ýoldaşy bolan türkmen alabaýlary bilen geçýärler.
Dabaraly harby ýörişi «Land Rover» kysymly harby maksatly şahsy düzüm üçin niýetlenen awtoulaglary, şeýle hem bu harby awtoulagyň binýadyndaky «Rohde Şwars» kysymly aragatnaşyk toplumy, «Al SHIBL2», «Al ASIFA2», «NIMR» kysymly häzirki zamanyň döwrebap sowutlanan awtoulaglary dowam edýär. Baýramçylyk mynasybetli dabaraly harby ýörişden «KIA KLTV-181» kysymly sowutlanan harby awtoulaglar we Ýaragly Güýçlerimize täze kabul edilen «DJI MATRIX 30T» kysymly uçarmansyz uçýan enjamlar geçirilýär. «Türkmen edermen» ýörite maksatly bölümleriniň «BTR-80A» kysymly bronetank tehnikalary, şeýle hem «INKAS TITAN» we «KIRPI» kysymly sowutlanan harby awtoulaglar ýöriş meýdançasyndan geçýärler. Bu awtoulaglar pulemýotlary, göçme asmana atyjy raketa toplumlaryny özünde jemleýär.
Ikinji mehanizirlenen kerweniň öňüni «TAÝFUN» kysymly, köp maksatly sowutlanan harby awtoulag çekýär. Kuwwatly bronetank tehnikalary bolan «T-72M» we «T-90S» kysymly söweşjeň tanklar ýörite awtoulaglarda ýörişi dowam edýärler. Döwlet münberiniň meýdançasyndan häzirki zamanyň iň kämil söweşjeň tehnikalary bolan «BMP-2D», «BMP-3» kysymly pyýada goşunyň sowutlanan tehnikalary, «KOBRA» kysymly sowutlanan tehnikalar, şeýle hem guryýer goşunynyň «ZSU-23-4 ŞILKA» asmana atyjy toplumy we «2S-1 Gwozdika» kysymly özi hereket edýän söweş tehnikalary MAN kysymly agyr ýük çekiji awtoulaglaryň üstünde geçýärler. «BM 21A BELGRAD» kysymly reaktiw ulgamy hem-de SMERÇ kysymly reaktiw ulgamy ýörişiň hatarlary bilen barýar. Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň netijesinde, Inžener goşunlarynyň düzümi hem täze tehnikalaryň hasabyna kämilleşdirilýär. SHAHMAN awtoulagyň binýadyndaky «HZ-100» derýa halkaly panton köprüsi we «HZ-100» kenarýaka halkaly panton köprüsi hem şolaryň hataryndadyr.
Meýdança üçünji kerweniň tehnikalary çykýar. Olaryň başyny INKAS TITAN kysymly sowutlanan harby awtoulag çekýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli dabaraly ýörişde «MERCEDES-BENZ ATEGO» kysymly awtoulagda «Bayraktar TB2» kysymly söweşjeň uçarmansyz uçýan enjam, şeýle hem Ýaragly Güýçlerimize täze kabul edilen MAN kysymly awtoulaglarda «SKY SAKER FX-80», SKY STRIKER, ORBITER-2B we СW-15D kysymly uçarmansyz uçýan enjamlar geçýärler.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goranyş kuwwaty dünýäniň öňdebaryjy harby tehnikalarynyň hasabyna yzygiderli artdyrylýar. Dabara meýdançasyndan Ýaragly Güýçlerimize täze kabul edilen MAN kysymly awtoulagda POINT BLANK hem-de «ThunderB-VTOL» kysymly uçarmansyz uçýan enjamlar harby ýörişe ilkinji gezek gatnaşýan, ýurdumyzyň Harby-deňiz güýçlerine täze kabul edilen MAN kysymly awtoulagda «KATANA PLUS» kysymly uzak aralykdan dolandyrylýan suwüsti gaýygyň göçme dolandyryş nokady, KATANA kysymly uzak aralykdan dolandyrylýan suwüsti katerler geçýärler.
Döwlet münberiniň öňünden «ÝLS-18A» radiolokasiýa toplumy, «DWL-002» radioelektron ýagdaýa gözegçilik toplumy, Döwlet migrasiýa gullugyna degişli ýörite awtoulag hem-de halas ediş we himiýa goşunlarynyň topary enjamlary bilen geçýärler.
Soňra dabaraly harby ýörişde «FM-90», «KS-1A» we «FD-2000» kysymly iň kämil asmana atyjy raketa toplumlary görkezilýär. Olaryň yzy bilen Ýaragly Güýçlerimize täze kabul edilen «KDP-2000» uniwersal ulag platformasynyň binýadynda «FK-2000» kysymly asmana atyjy raketa-artilleriýa toplumlary dabaraly harby ýörişden geçýärler.
Dabaraly harby ýörişde dördünji mehanizirlenen kerweniň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby awtoulaglary geçip başlaýar. Meýdançadan Döwlet serhet gullugynyň «KIA KLTV 141» kysymly sowutlanan söweşjeň awtoulaglary hem-de «MOTOWEZDEHOD» kysymly häzirki zaman kwadrasikller geçýär.
Münberiň öňünden üstünde merdana serhetçiler, olaryň wepaly ýoldaşy bolan türkmen alabaýlary oturan «Toyota Hilux» awtoulaglary geçýär. Olaryň yzy bilen «KIA KLTV 141», «KIA KLTV», «COBRA», «PMW SURVIVOR II» kysymly, köp maksatly, sowutlanan söweşjeň awtoulaglar barýar. Bu ulag serişdeleri Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramakda netijeli ulanylýar. Dabaraly harby ýörişden Serhet goşunlarynyň «KIRPI» kysymly sowutlanan harby awtoulaglary, «Mantra» kysymly awtoulagynda 120 mm kalibrli minomýotlary geçýär. Ýörişi «IVECO» awtoulaglary dowam edýär. Olaryň binýadynda «ZU-23» kysymly asmana atyjy raketa toplumlary, «Simbat» raketa uçurma ulgamy, «Orbiter 2B» kysymly uçarmansyz uçýan enjamlar ýerleşdirilendir. Soňra Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylary «HONDA» kysymly motoulaglarda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly toýunyň hormatyna «35» ýazgyny emele getirip geçýärler.
Dabaraly harby ýörişiň bäşinji mehanizirlenen kerweniniň öňüni Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň düzümindäki «IVECO M65» kysymly söweşjeň awtoulag çekýär. Kerweni «STORM-RIDER», «LAZAR III» kysymly häzirki zaman sowutlanan söweşjeň awtoulaglar dowam edýär.
Altynjy mehanizirlenen kerweniň çäklerinde Türkmenistanyň Içeri işler edaralarynyň ýöriteleşdirilen tehnikalary geçip başlaýar. Kerweniň öňüni «INKAS TITAN» kysymly sowutlanan söweşjeň awtoulag çekýär. Onuň yzy bilen «MAN» kysymly awtoulagda «СW-15D» kysymly uçarmansyz uçýan enjamlar we «FORD HENNESSEY» kysymly awtoulaglar geçýär. Soňra meýdançada Içeri işler ministrliginiň «FORD ATLAS 150», «TOYOTA TUNDRA», «GMS Sierra», «PMV-SURVIVOR II» hem-de «INKAS TITAN» kysymly sowutlanan söweşjeň awtoulaglary peýda bolýar. Bu döwrebap awtoulaglar ýurdumyzyň asudalygynyň hem-de abadançylygynyň, hukuk we jemgyýetçilik tertibiniň üpjün edilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir.
Dabaraly ýörişde içeri işler edaralarynyň işgärleri «YAMAHA» kysymly ýöriteleşdirilen motoulaglarda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly senesini dabaralandyrýan «35» san belgisini emele getirip, harby ýörişe özboluşly bezeg berýärler. «MERCEDES-BENZ» kysymly ýöriteleşdirilen awtoulaglar we «TOYOTA FORTUNER» kysymly awtoulaglar Döwlet münberiniň öňünden geçýärler.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilýän dabaraly harby ýöriş Watanymyzyň asuda howa giňişliginde dowam edýär. Howadaky dabaraly ýörişi «Mi-17W-5» kysymly dikuçarlar açýar. Olar guryýer goşunlarynyň söweş hereketlerini howadan goldamak, goşunlary, harby tehnikalary daşamak üçin niýetlenendir. Olaryň yzy bilen, «Mi-24P» kysymly söweşjeň dikuçarlar asman giňişliginde peýda bolýar. Olary ýokary uçuş ussatlygyny göwnejaý ele alan türkmen uçarmanlary dolandyrýarlar. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň söweşjeň dikuçarlary Watanymyzyň howpsuzlygyny, halkymyzyň parahat durmuşyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýärler.
Içeri işler ministrliginiň «Eurocopter-145», Milli howpsuzlyk ministrliginiň «Eurocopter-365» kysymly dikuçarlary asman giňişliginde harby ýörişi dowam edýär. Bu dikuçarlaryň her biri ýokary söweşjeň häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Soňra asmanda Döwlet serhet gullugynyň «Agusta-139» kysymly häzirki zaman dikuçarlary uçup geçýär.
Baýramçylyk harby gözden geçirilişine «С-27J SPARTAN» kysymly häzirki zaman harby-ulag uçary hem-de «A-29 Super Tucano» kysymly söweşjeň uçarlar hem gatnaşýar. Olaryň yzy bilen Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-howa güýçleriniň «Su-25» kysymly söweşjeň uçarlary geçýär. Türkmen uçarmanlary söweşjeň uçarlary we dikuçarlary ussatlyk bilen dolandyryp, ýokary hünär derejelerini görkezýärler.
Dabaraly harby ýörişde görkezilen döwrebap ýerüsti, deňiz we howa tehnikalary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçlerimizi döwrebaplaşdyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine uly üns berilýändigini nobatdaky gezek subut edýär.
Soňra Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Aýratyn hormat garawuly polkunyň harby gullukçylary düzülýärler. Her ýylda geçirilýän dabaraly harby ýörişde bu polkuň harby gullukçylary ýokary nyzam emelleri bilen ajaýyp şekilleri döredip, dabara aýratyn öwüşgin çaýýarlar. Olar şu ýyl hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýuna baýramçylyk sowgady bilen geldiler. Meýdançada türkmen halkynyň milli buýsanjyna — ahalteke atlaryna söýgüsini şöhlelendirýän, Arkadag şäherine bezeg berýän «Taýçanak» binasynyň şekili emele getirilýär. Olar şeýle hem «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň nyşanyny — behişdi bedewiň keşbini ussatlyk bilen şekillendirýärler. Soňra meýdançada dabaraly harby ýörişiň ýöriş sazlaryny ýerine ýetiren harby we hukuk goraýjy edaralaryň Birleşen harby orkestri peýda bolýar. Onuň ýerine ýetirýän sazlarydyr mukamlary Milli goşunymyzyň watançylyk ruhuny belende göterýär. Ýurdumyzyň şanly baýramy mynasybetli ajaýyp sazly sowgady taýýarlan bu orkestriň joşgunly çykyşy harby ýörişe aýratyn öwüşgin çaýdy. Olaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan ajaýyp aýdym dabaraly harby ýörişiň jemlenmesine öwrüldi.
Soňra Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli giň gerimli dabara dowam etdi. Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan dabara döwrebap telekommunikasiýa we ýaýlyma beriş serişdeleri, aragatnaşyk ulgamlary arkaly göni ýaýlymda köpçülige ýetirildi. Munuň özi ýurdumyzyň baş baýramynyň şanyna guralan baýramçylyk çäresine watandaşlarymyzyň hem-de dünýä döwletleriniň ýaşaýjylarynyň tomaşa etmegine mümkinçilik döretdi.
Bu ýerde milli lybasdaky iki çapyksuwar ajaýyp ahalteke bedewini meýdança çykardy. Ussat zergärleriň zehininden dörän şaý-sepler bilen bezelen at esbaplary behişdi bedewiň gözelligine gözellik goşýar. Watan atly akýal mele reňkli bu ajaýyp bedew Hankerwen we Şaperi diýen atlaryň neslindendir. Ady rowaýata öwrülen Gaplaňyň ugruna degişli bolan bu bedew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli, türkmen halkynyň bagtyýarlygy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda edýän yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallygyň nyşany hökmünde Hökümet agzalarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa sowgat berildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ahalteke bedewi Watanymyzyň gülläp ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly gadamlarynyň, halkymyzyň döredijilik zehininiň, milli mirasymyzyň dowamatlylygynyň nyşanydyr. Ajaýyp ahalteke bedewi meýdançada buýsanç bilen gezim edip, dabara gatnaşyjylarda we myhmanlarda ýakymly duýgulary döretdi.
Soňra baýramçylyk meýdançasynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýörişi başlandy. Soňra Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň bagtyýar talyplary ahalteke bedewleri bilen «35» ýazgyny emele getirip geçýärler.
Soňra Döwlet münberiniň öňünde teatrlaşdyrylan sahnalar ýaýbaňlandyryldy. Olarda şöhratly türkmen şahsyýetleriniň, şol sanda nesilbaşymyz Oguz hanyň we beýleki meşhur şahsyýetleriň keşpleri janlandyryldy.
Baýramçylyk ýörişini Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiniň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri dowam edýärler. Meýdançadan milli nyşanlar bilen bezelen awtoulag platformasy geçýär.
Soňra kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň häkimliginiň baýramçylyk görnüşinde bezelen awtoulag platformasy meýdança çykdy. Soňra Aşgabat şäher häkimliginiň paýtagtymyzyň binagärlik nyşanlary bilen bezelen awtoulag platformasy Döwlet münberiniň öňünden geçýär.
Soňra dabaraly ýöriş ýurdumyzyň bäş welaýatyna wekilçilik edýän awtoulag platformalarynyň toparynyň geçmegi bilen dowam etdi. Suratly pannolarda dünýä belli taryhy-binagärlik ýadygärlikleri, häzirki döwrüň iri desgalary, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň ajaýyp künjeklerinde ýerleşýän binalaryň şekilleri görkezilýär. Welaýatlaryň döredijilik toparlarynyň çykyşlarynda milli däp-dessurlarymyzyň özboluşlylygy şöhlelenýär. Döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda, sebitleriň durmuş-medeni, ykdysady infrastrukturasy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimizi hem-de dabaranyň köp sanly myhmanlaryny awtoulag platformalarynda barýan ýaşulular, ýaş nesliň wekilleri mübärekleýärler. Joşgunly aýdym-sazlar, asmana uçurylan köpöwüşginli şarlar adamlaryň baýramçylyk ruhuny belende göterýär.
Döwlet münberiniň öňündäki meýdançadan Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň baýramçylyk görnüşinde bezelen awtoulagy, köp sanly türgenler geçýärler. Şolaryň hatarynda sportuň dürli görnüşleriniň ussatlary, milli we halkara derejedäki ýaryşlaryň ýeňijileri, olaryň tälimçileri bar.
Soňra Döwlet münberiniň öňünden Bilim ministrliginiň baýramçylyk äheňinde bezelen awtoulaglary, bu ulgamyň wekilleri, ýaş nesiller geçýärler.
Baýramçylyk ýörişini saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri dowam etdirýärler.
Soňra baýramçylyk meýdançasyndan Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Awtomobil ýollary ministrliginiň işgärleri dabaraly ýagdaýda geçýärler.
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň platformasynda-da ýetilen sepgitler görkezilýär.
Täze taryhy döwürde elektroenergetika pudagynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek, içerki sarp edijileri doly we üznüksiz üpjün etmek bilen bir hatarda, elektrik energiýasynyň eksport edilýän möçberini hem yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýän ygtybarly ugurdaş infrastrukturany döretmek boýunça işler-de dowam etdirilýär. Pudakda durmuşa geçirilýän ägirt uly işler meýdançadan geçen Energetika ministrliginiň awtoulag platformasynda öz beýanyny tapdy.
Meýdança Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň awtoulag platformalary çykýar.
Soňra dokma we halyçylyk pudaklarynyň mümkinçilikleri görkezildi.
Soňra meýdançadan maliýe we ykdysadyýet toplumyna wekilçilik edýän awtoulag platformalary geçdi.
Häzirki döwürde ulag-kommunikasiýa toplumyny maksatnamalaýyn esasda ösdürmek, ýükleriň daşalmagyny kämilleşdirmek, ýolagçylary gatnatmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary, Aragatnaşyk, Awtomobil ulaglary ministrlikleriniň, «Türkmenhowaýollary» hem-de Deňiz we derýa ulaglary döwlet gulluklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk ösdürilip, kuwwatly tehnikalar yzygiderli satyn alynýar. Baýramçylyk meýdançasyndan topluma degişli edara-kärhanalaryň işgärleri we bezelen awtoulag platformalary geçýärler.
Soňra Döwlet münberiniň öňünden milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy bolan nebitgaz toplumynyň işgärleri we awtoulag platformalary geçýär.
Oba hojalyk we azyk senagaty ulgamyna degişli pudaklaýyn düzümleriň baýramçylyk äheňinde bezelen awtoulaglary we işgärleri dabaraly ýörişi dowam edýärler.
Dabara medeniýet ulgamynyň işgärleriniň ýörişi bilen jemlendi.
Diýarymyzyň bäş welaýatyna wekilçilik edýän aýdymçylaryň we tans toparlarynyň, ýaşajyk artistleriň çykyşlary Döwlet münberiniň öňündäki dabaralaryň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi. Olar çykyşlarynda Watanymyzy, agzybir türkmen halkyny, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerini wasp etdiler.
Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly ýöriş tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.
Dabaranyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa hormatly Prezidentimiziň degişli Permanyny okady.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny we degişli şahadatnamany gowşurdy.
Soňra bu ýere ýygnananlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de Gahryman Arkadagymyzy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şany senesi bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyzyň we Milli Liderimiziň il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Hormatly Prezidentimiz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, mukaddes Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli dabaraly harby ýörişiň ýokary derejede geçirilmegi, harby gullukçylaryň «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanylmagy, şeýle-de hemmeleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady we alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Paýtagtymyzda badalga alan baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyryldy.

Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli dabaralar gijagşama çenli dowam etdi. Paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen baýramçylyk kabul edişligine Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň hem-de halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Watanymyzyň baş baýramynyň hormatyna dabaralar «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçirilen konsert bilen dowam etdi. Bu ýere ýygnanan köp sanly tomaşaçylaryň öňünde meşhur hem-de ýaş artistler, folklor-tans toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler. Baýramçylyk feýerwerki «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şanly senesiniň – Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň dabarasyny has-da artdyryp, Aşgabadyň gijeki asmanyna ajaýyp baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
PDF








