Özbegistanyň milli awiasiýa kompaniýasy şu ýylyň 11-nji aprelinde Daşkent-Duşanbe-Daşkent uçar gatnawyny täzeden ýola goýdy. Bu gatnawlar hepdede iki gezek amala aşyrylar. Awiakompaniýa bu gatnawy gaýtadan ýola goýmak bilen Özbegistanyň paýtagtynyň üsti bilen üstaşyr geçmek isleýän täze ýolagçylara hyzmat etmegi maksat edinýär. Iki ýurduň arasyndaky howa gatnawlary 1992-nji ýylda bes edilipdi.
Özbegistanyň täze Prezidenti Şawkat Mirziýoýew goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary has-da ösdürmegi ýurduň daşary syýasatynyň ilkinji nobatdaky wezipeleriniň hatarynda goýdy. Şonuň netijesinde, 2017-nji ýylyň birinji ýarymynda Özbegistan bilen Täjigistanyň arasynda howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmak babatda degişli ähtnama gol çekildi. Şol ylalaşyga laýyklykda, Özbegistan howaýollary milli gullugy ilkinji saparyny amala aşyrdy.