Hytaýyň telekommunikasiýa ägirdi “Huawei” kompaniýasy her ýyl ylmy-barlag hem-de täze oýlap tapyşlar üçin 10 we 20 milliard dollar möçberinde maýa goýum özleşdirmegi maksat edinýär. Bu barada kompaniýanyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygynyň orunbasary Sýuý Çžinzýun derňewçileriniň 14-nji duşuşygynda habar berdi.
Onuň aýtmagyna görä, kompaniýa geljekde-de özüniň tehniki binýadyny güýçlendirer. Munuň üçin her ýyl köp möçberde maýa goýmak göz öňünde tutulýar.
“Huawei” – kommunikasiýa tehnologiýalary öndürmekde öňdebaryjy kompaniýalaryň biri. Bilermenleriň bellemegine görä, onuň harytlarynyň bazary has-da giň gerim alýar. Kompaniýa 1987-nji ýylda döredilip, hususy eýeçilige degişlidir. Onuň düzüminde 180 müň işgär bar.