Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 47-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Özbegistanyň we Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini hem-de gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.
Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Irlandiýanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Owganystanyň telekeçilerine portland sement, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler, nah ýüplügi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 22 million 372 müň dollaryndan gowrak boldy.
Türkiýäniň we Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleri manat serişdelerine umumy bahasy 2 million manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 49 million manada golaý bolan “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit bitumyny, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.