HHR-iň Baş­ly­gy Si Szin­pin Finl­ýan­di­ýa we ABŞ-da döw­let sa­pa­ryn­da bo­lup, şol sa­pa­ryň çäk­le­rin­de Flo­ri­da şta­tyn­da ABŞ-ly kär­de­şi Do­nald Tramp bi­len il­kin­ji du­şu­şy­gy­ny ge­çir­di. Munuň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça ta­rap­lar esa­sy dört ugur­da hyz­mat­daş­ly­gy has-da berkitmegi mak­sat edin­ýär. Olar dip­lo­ma­ti­ýa we howp­suz­lyk, yk­dy­sa­dy­ýet hem-de yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry ýa­ly ugur­la­ry öz içi­ne al­ýar.
Dün­ýä­niň uly iki döw­le­ti­niň ýol­baş­çy­la­ry­nyň ara­syn­da gep­le­şik­ler öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek ug­run­da tä­ze ädim bol­dy. Hy­taý bi­len ABŞ iri söw­da hyz­mat­daş­lar ha­sap­lan­ýar. Hy­taý hö­kü­me­ti ABŞ-nyň “Zo­lak we ugur/Ýü­pek ýo­lu­nyň yk­dy­sa­dy zo­la­gy we Ýü­pek ýo­lu­nyň de­ňiz ug­ry” bo­ýun­ça yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak ba­bat­da öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry­na be­ren gol­da­wy üçin ho­şal­ly­gy­ny bil­dir­di.
Do­nald Tramp hy­taý­ly kär­de­şi Si Szin­pi­niň Hy­ta­ýa ge­lip gör­mek ba­ra­da­ky ça­ky­ly­gy­ny ka­bul et­di. Ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şyk­la­ryň iki ýur­duň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň has-da ber­ke­me­gi­ne hyz­mat et­jek­di­gi mä­lim edil­di.
Hy­ta­ýyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Wan I iki ýur­duň Pre­zi­dent­le­ri­niň du­şu­şy­gy­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça ha­bar­çy­la­ra be­ren be­ýa­na­tyn­da iki­çäk du­şu­şy­gyň 7 sa­gat do­wam eden­di­gi­ni we onuň çäk­le­rin­de hal­ka­ra we se­bit me­se­le­le­ri­niň, hy­taý-ame­ri­kan gat­na­şyk­la­ry­nyň äh­li ugur­la­ry­nyň ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan­dy­gy­ny aýt­dy.
Onuň aýt­ma­gy­na gö­rä, ta­rap­lar ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki sa­par­lar ba­bat­da yla­laş­dy­lar. Si Szin­pi­niň ça­ky­ly­gy bo­ýun­ça Do­nald Tramp şu ýy­lyň do­wa­myn­da Hy­taý­da sa­par­da bo­lar. Li­der­ler iki­çäk du­şu­şyk­lar, te­le­fon ar­ka­ly söh­bet­deş­lik­ler, res­mi hat alyş­ma­lar ar­ka­ly iş­jeň gat­na­şyk­la­ry do­wam et­dir­me­giň ta­rap­da­ry bo­lup, ge­çi­ri­len iki­çäk du­şu­şy­gyň çäk­le­rin­de ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ba­bat­da iş­çi to­pa­ry dö­re­dil­di.
Soň­ky ýyl­lar­da Hy­taý bi­len ABŞ-nyň ara­syn­da­ky sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­lar yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýär. Iki ýur­duň ara­syn­da­ky ha­ryt do­la­ny­şy­gy 500 mil­liard dol­lar­dan geç­ýär. Olar öz ara­la­ryn­da esa­sy söw­da hyz­mat­daş­la­ry bo­lup dur­ýar. Her ýyl iki ýur­duň ara­syn­da sy­ýa­hat­çy­lyk ge­ze­lenç­le­ri art­ýar. Her hep­de Ýu­waş um­ma­ny­nyň her iki ke­na­ry­na 110 ýo­lag­çy uça­r gat­nawy ama­la aşyryl­ýar. 2011-nji ýyl­dan bä­ri 120 müň­den gow­rak hy­taý­ly ABŞ-nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de, şol dö­wür­de 20 müň ame­ri­ka­ly Hy­ta­ýyň uni­wer­si­tet­le­rin­de bi­lim al­dy.