Elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len he­re­ket ed­ýän ulag­la­ry ön­dür­mek bo­ýun­ça öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ryň bi­ri “Tes­la Mo­tors” ba­zar ba­ha­sy­nyň gym­mat­ly­gy bo­ýun­ça “Ge­ne­ral Mo­tors Co” (GM) şe­re­ke­tin­den öňe geçdi. Mu­ňa söw­da ha­sa­bat­la­ry şa­ýat­lyk ed­ýär. “Tes­la Mo­tors”-yň ba­zar ba­ha­sy 51,75 mil­liard dol­la­ra, GM şe­re­ke­ti­niň­ki bol­sa, 50,44 mil­liard dol­la­ra ba­ra­bar bol­dy.
“Tes­la” kom­pa­ni­ýa­sy şu ýy­lyň 3 aýyn­da 25,418 müň ulag sa­tu­wy­ny ama­la aşyr­dy we bu gör­ke­zi­ji 2016-njy ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 25 gö­te­rim köp­dür. Kom­pa­ni­ýa­nyň ulag­la­ry­na bo­lan is­le­giň bar­ha art­ma­gy onuň gym­mat­ba­ha­ly ka­gyz­la­ry­nyň nyrhynyň hem ýo­kar­lan­ma­gy­na oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­di.
Ýö­ne mu­ňa ga­ra­maz­dan, GM şe­re­ke­ti ABŞ-nyň aw­tou­lag ön­dü­ri­ji kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň iň ulu­sy­dyr. Ge­çen ýy­lyň ulag söw­da­sy­nyň 17,3 gö­te­ri­mi bu şe­re­ke­tiň pa­ýy­na dü­şüp­di.
“Tes­la Mo­tors” 2003-nji ýyl­da dö­re­dil­di. Kom­pa­ni­ýa elekt­rik to­gy bi­len iş­le­ýän ulag­la­ry we dür­li teh­no­lo­gi­ýa en­jam­la­ry­ny ön­dür­ýär. Onuň mer­ke­zi bi­na­sy Ka­li­for­ni­ýa şta­ty­nyň Pa­lo-Al­to şä­he­rin­de ýer­leş­ýär. Şeý­le hem kom­pa­ni­ýa ta­ra­pyn­dan “Toyo­ta” we “Da­im­ler” aw­tou­lag kom­pa­ni­ýa­la­ry üçin elekt­rik he­re­ket­len­di­ri­ji­le­ri we ba­ta­re­ýa­la­ry ön­dü­ril­ýär.