Gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­rin­den peý­da­lan­mak giň ge­rim al­dy. Mun­dan bir­nä­çe ýyl ozal, al­ter­na­tiw ener­gi­ýa çeş­me­le­rin­den peý­da­lan­mak bir­ne­me gym­mat düş­ýän hem bol­sa, hä­zir onuň ba­ha­sy pe­se gaç­ýar. Bu ba­ra­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň da­şa­ky gur­şaw bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­sy­nyň gol­daw ber­me­gin­de ýö­ri­te bar­lag ge­çi­ril­di. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, al­ter­na­tiw ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­niň ha­sa­by­na ön­dü­ri­len ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň muk­da­ry 8 gö­te­rim art­dy. Bu ýer­de Gün­den, ýel­den we dür­li ga­lyn­dy­la­ry gaý­ta­dan iş­läp, alyn­ýan ener­gi­ýa­nyň gür­rüňi edil­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da aras­sa çeş­me­ler­den alyn­ýan ener­gi­ýa­nyň muk­da­ry umu­my ener­gi­ýa­nyň 11,3 gö­te­ri­mi­ne deň­dir. Gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri üçin Ýew­ro­pa ýurt­la­ry has köp ma­ýa goý­ýar. Bu ugur­da öň­de­li­gi Be­ýik Bri­ta­ni­ýa bi­len Ger­ma­ni­ýa eýe­le­ýär. Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň Gün­den we ýel­den ener­gi­ýa ön­dür­mek ba­bat­da­ky ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň möç­be­ri 3 gö­te­rim ar­typ, 59,8 mil­liard dol­la­ra de­ňe­çer bol­dy.
Atom ener­gi­ýa­sy bo­ýun­ça Hal­ka­ra agent­li­gi­niň (AEHA) ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, al­ter­na­tiw ener­gi­ýa çeş­me­le­rin­den köp­räk peý­da­la­nyp baş­lan­ma­gy bi­len ho­wa goý­be­ril­ýän ha­pa gaz­la­ryň möç­be­ri bas­syr 3 ýyl­dan bä­ri şol de­re­je­sin­de sak­la­nyp ge­lin­ýär.