Tans saz­la­şyk­ly be­den he­re­ket­le­ri bi­len me­de­ni­ýe­ti we ru­hy ah­wa­la­ty jan­lan­dyr­ýan gym­mat­ly sun­gat ese­ri­dir. Tans asyrlarboýy dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň aý­ryl­maz bir bö­le­gi bo­lup gel­ýär. Her bir halk öz däp-des­sur­la­ry­ny, halk dö­re­di­ji­li­gi­ni su­rat­lan­dyr­ýan mil­li hem-de döw­re­bap tans­la­ry bi­len ta­nal­ýar. Her ýy­lyň 29-njy ap­re­lin­de dün­ýä­de Hal­ka­ra tans gü­ni ulu­dan bel­le­nip ge­çil­ýär. Biz hem ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da tans sun­ga­ty­nyň mil­li nus­ga­la­ry bar­ada­ky mag­lu­mat­la­ry si­ze ýe­tir­me­gi ma­kul bil­dik.

Küşt­dep­di. Türk­me­n halk dö­re­di­ji­li­giniň žan­ry esa­syn­da og­lan we gyz­la­ryň ara­syn­da hal­ka­la­ýyn ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän küşt­dep­di tan­sy türk­men me­de­ni­ýe­ti­niň aý­ryl­maz bir bö­le­gi­dir. Ga­dym dö­wür­ler­den gözbaş alýan tan­syň bu gör­nü­şi hä­zir­ki wagt­da toý-baý­ram­la­ryň be­ze­gi­ne öw­rül­di. Küşt­dep­di aý­dym­ly, saz­ly ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän ut­ga­şyk­ly he­re­ket­li mil­li tans gör­nü­şi­dir. 2017-nji ýyl­da ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi bi­len küşt­dep­diniň meş­hur­ly­gy has-da art­dy.
Sam­ba, Bra­zi­li­ýa. «Sem­ba» (tan­sa ça­ky­lyk) sö­zün­den ge­lip çy­kan sam­ba mil­li tan­sy 1950-nji ýyl­lar­da af­ri­ka­ly­la­ryň ýer­li me­de­ni­ýe­ti­ni Bra­zi­li­ýa ge­tir­me­gi bi­len ýü­ze çyk­ýar. Soň­lu­gy bi­len bra­zil me­de­ni­ýe­ti­ne or­na­şan tans sun­ga­ty­nyň bu gör­nü­şi bü­tin dün­ýä­de meş­hur­ly­ga eýe bol­ýar. Sam­ba­çy­lar adat­ça reňk­li egin-eşik­le­ri hem-de kel­le­sin­dä­ki ul­la­kan jy­ga­sy (guş ýe­lek­le­ri) bi­len ta­nal­ýar. Sam­ba tan­sy Rio-de-Ža­neý­ro­da ge­çi­ril­ýän da­ba­ra­la­ryň we fes­ti­wal­la­ryň be­ze­gi­dir.
Sal­sa, Ku­ba. Tan­syň bu gör­nü­şi­niň is­pan we af­ri­ka me­de­ni­ýe­ti­niň bir­leş­me­gin­den dö­rän­di­gi çak­la­nyl­ýar. Sal­sa 1950-nji ýyl­lar­da mil­li tans gör­nü­şi hök­mün­de Nýu-Ýork şä­he­ri­ne or­na­şan hem bol­sa, asyl nus­ga­sy­ny Ka­rib deň­zin­dä­ki ýurt­lar­da gör­mek bol­ýar. Sal­sa jü­büt­le­ýin ýe­ri­ne ýe­ti­ri­lip, ut­ga­şyk­ly be­den he­re­ket­le­ri tan­syň öze­ni­ni düz­ýär. Bu tans Ar­gen­ti­na­nyň meş­hur tan­sy bo­lan tan­go hem meň­zeş­dir.
Hip-hop, ABŞ. Açyk meý­dan­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän tans­la­ryň iň meş­hur­la­ry­nyň bi­ri bo­lan hip-hop ame­ri­kan me­de­ni­ýe­ti­niň aý­ryl­maz bir bö­le­gi­dir. 1970-nji ýyl­lar­da
Nýu-Ýorkuň we Ka­li­for­ni­ýanyň kö­çelerin­de ýe­ri­ne ýe­ti­ri­lip baş­la­nan tan­syň bu gör­nü­şi hä­zir­ki wagt­da bü­tin dün­ýä­de ta­nal­ýar. Çalt he­re­ket­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän hip-hop­da­ky el ýa-da kel­le aý­law­la­ry to­ma­şa­çy­la­ryň hö­we­si­ni art­dyr­ýar.
Step tan­sy, Ir­lan­di­ýa. «Ädim tan­sy» diý­me­gi aň­lad­ýan bu tans il­ki­baş­da kelt­ler (ga­dy­my taý­pa) ta­ra­pyn­dan oýnalyp, 1990-njy ýyl­lar­da il­kin­ji ge­zek teatr­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Şon­dan soň­ra bu tan­syň köp­çü­lik­le­ýin meş­hur­ly­gy ar­typ, bü­tin dün­ýä­de ta­na­lyp baş­lan­ýar. Bat­ly aýak zar­ba­la­ry, çalt we çyl­şy­rym­ly aýak he­re­ket­le­ri bu tan­syň öz­bo­luş­ly­ly­gy­ny düz­ýär.
Fla­men­ko, Is­pa­ni­ýa. Is­pan me­de­ni­ýe­tin­de özü­ne çe­ki­ji däp­le­riň bi­ri hem fla­men­ko tan­sy­dyr. Tans sun­ga­ty­nyň bu gör­nü­şi aýak he­re­ket­le­ri­ni, aý­dym aýt­ma­gy, el çarp­ma­gy hem-de gi­ta­ra çal­ma­gy öz içi­ne al­ýar. Ze­nan tans­çy­nyň gy­zyl reňk­li köý­ne­gi bu tan­syň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy­dyr. Hä­zir­ki wagt­da fla­men­ko bü­tin dün­ýä­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär.
Waltz, Awst­ri­ýa. Tan­syň ady ne­mes­çe «wal­zer» sö­zün­den ge­lip çy­kyp, «to­ga­lan­mak, aý­lan­mak» di­ýen ma­ny­ny ber­ýär. Ne­mes me­de­ni­ýe­tin­den göz­baş al­ýan waltz Awst­ri­ýa­da toý da­ba­ra­la­ryn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iň ga­dy­my tans­la­ryň bi­ri­dir. Tan­syň bu gör­nü­şi wal­sa ga­ty meň­zeş bo­lup, çalt he­re­ket­li­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.
Bha­rat­nat­ýam, Hin­dis­tan. Hin­di nus­ga­wy tans gör­nüş­le­ri­niň iň ga­dy­my­sy ha­sap­lan­ýan bha­rat­nat­ýam 1930-njy ýyl­lar­dan baş­lap köp­çü­li­ge ýaý­rap baş­la­ýar. Aýal-gyz­lar ta­ra­pyn­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän tan­syň bu gör­nü­şi saz­la­şyk­ly el we aýak he­re­ket­le­ri, dil­den aý­dyl­ýan he­ka­ýa­sy bi­len hin­di me­de­ni­ýe­ti­ni jan­lan­dyr­ýar. Bha­rat­nat­ýam dün­ýä me­de­ni­ýe­tin­de ne­pis tans­la­ryň bi­ri hök­mün­de ka­bul edil­ýär.
Dra­gon tan­sy, Hy­taý. Hy­taý me­de­ni­ýe­tin­de až­dar­ha güýç, baý­lyk we şow­lu­lyk ny­şa­ny­dyr. Ma­ta­dan ti­ki­len ul­la­kan až­dar­ha­nyň aşa­gyn­da bu­ku­lyp ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän bu tans aba­dan­çy­ly­gyň ny­şa­ny hök­mün­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Tol­kun ýa­ly aý­law­ly he­re­ket­ler, bir­den aşak pe­se­lip, ýo­ka­ry gö­te­ril­mek tan­sa öz­bo­luş­ly­lyk ber­ýär. Až­dar­ha tan­sy dep­rek­le­riň rit­mi bi­len ut­ga­şyk­ly ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär.
Ba­let, Rus­si­ýa. Ba­le­ri­na ta­ra­pyn­dan sah­na­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän ba­let tan­sy 1800-nji ýyl­lar­dan göz­baş al­ýar. Ýum­şak aýak­gap­ly oý­nal­ýan tan­syň bu gör­nü­şi ro­man­tik hä­si­ýet­li­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ba­let jübütleýin we aýal-gyz­lar ta­ra­pyn­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän aý­law­ly he­re­ket­le­ri bi­len ta­nal­ýan nus­ga­wy tans­la­ryň bi­ri­dir.
Laz­gi, Öz­be­gis­tan. Il­ki­baş­da Ho­rezm­de dö­rän laz­gi tan­sy soň­lu­gy bi­len Öz­be­gis­ta­nyň äh­li se­bi­ti­ne ýaý­ra­ýar. Hä­zir­ki wagt­da tür­ki halk­la­ryň ara­syn­da meş­hur bo­lan laz­gi öz­bek me­de­ni­ýe­ti­niň aý­ryl­maz bö­le­gi ha­sap­lan­ýar. Şi­rin owaz­ly saz­da öz­bo­luş­ly he­re­ket­ler bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän bu tans köp­çü­li­giň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär.