“Awatar” we “Titanik” franşizalary bilen meşhurlyk gazanan kanadaly kinorežissýor Jeýms Kemeron “Terminatory” bilen hem giňden tanalýandyr. “Terminatoryň” diňe başky iki seriýasyny surata düşüren režissýor, soň onuň üstünde işlemegini dowam etdirmändi.
Golaýda Jeýms Kemeron ýene-de “Terminatoryň” dowamyny surata düşürmäge dolanasynyň gelýändigini, ýöne başga usul bilen gaýdyp gelmegi makul bilýändigini gürrüň berdi. Režissýor bu gezek emeli aň mowzugyny ösdürmekçidigini ýaňzytdy.
– “Awatar”-da esasan daşky gurşawyň meseleleri orta atylsa-da emeli aň barada mesele gozgalmaýar. Eger-da men indi “Terminatory” surata düşürmeli bolsam, onda men ugruny ýitiren maşynlar barada däl-de, eýsem emeli aň hakynda film dörederdim – diýip režissýor belledi.
Ýöne Kemeron “Terminatora” dolanyp geljekdigi barada resmi görnüşde hiç zat mälim etmedi.