1-nji ýanwarda Şweýsariýanyň Sosial-demokratik partiýasyna wekilçilik edýän içeri işler ministri Alen Berse ýurduň Prezidenti hökmünde wezipesine girişdi. Ol 2023-nji ýylyň dowamynda ministr wezipesi bilen birlikde Prezident ygtyýarlyklaryny hem ýerine ýetirer. Prezident saýlawlary 2022-nji ýylyň 7-nji dekabrynda parlamentiň iki palatasynyň bilelikdäki maslahatynda geçirildi. Alen Berse daşary işler ministri Inýasio Kassisanyň ýerine Prezident boldy.
Berset 1972-nji ýylyň 9-njy aprelinde Şweýsariýanyň günbataryndaky Fribur kantonynda dünýä indi. Onuň ykdysadyýet boýunça doktorlyk derejesi bar. Berse 2012-nji ýyldan bäri içeri işler ministrligine ýolbaşçylyk edip, bu ministrlik, esasan, sosial üpjünçilik, saglyk we medeniýet pudaklaryna jogap berýär. Mundan öň, 2018-nji ýylyň dowamynda Prezident bolup işlän Berseniň bu wezipä täzeden saýlanmagy onuň syýasy terjimehalynda ikinji gezek gaýtalanýar. Ýurtda hereket edýäm kanuna görä, Prezident bir ýyldan köp işlemeýär. Mundan başga-da, Şweýsariýanyň raýatlygy bolmaly we Kabinetde araçy hökmünde çykyş etmeli.
Şweýsariýa 2023-nji ýylda özüniň daşary syýasatynda Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklary hem-de BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi bilen hyzmatdaşlyklary ileri tutýar. Çünki, ýurt 2023-2024-nji ýyllar üçin BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine hemişelik däl agza hökmünde saýlandy.
Şweýsariýada Prezidentiň wezipesi ýedi ministrden ybarat bolan Federal geňeşiň agzalary tarapyndan gezekli-gezegine çalşylýar. 7-nji dekabrda geçirilen saýlawlaryň netijesi hökümetdäki iň uly dört partiýanyň ylalaşygy bilen kesgitlenildi. Şweýsariýanyň Prezident döwlet Baştutany däl: ol diňe Federal geňeşiň erk-ygtyýarlygydyr. Prezident, sesleriň deňligi bilen hökümetiň maslahatlaryna başlyklyk edip, onuň pikiri aýgytly hasaplanýar. Şeýle hem ol Şweýsariýa sapar edýän daşary ýurt döwletleriniň ýolbaşçylaryny kabul edýär.