Tä­ze 2023-nji ýyl hem ýe­tip gel­di. Wagt gu­şak­ly­gy se­bäp­li tä­ze ýy­ly Sa­mao, Ki­ri­ba­ti we To­ke­lau ada­la­ry il­kin­ji bo­lup gar­şy al­dy­lar. Ki­ri­ti­ma­ti ada­sy («Rož­dest­wo» ada­sy hem di­ýil­ýär) ge­og­ra­fik taý­dan ýer­le­şi­şi se­bäp­li il­kin­ji bo­lup tä­ze ýy­la ga­dam bas­dy. Soň­ra bol­sa Fi­ji we Tä­ze Ze­lan­di­ýa tä­ze ýy­ly gar­şy­la­dy. Awst­ra­li­ýa­nyň meş­hur Sid­neý, paý­tagt Kan­ber­ra şä­her­le­ri­ni öz içi­ne al­ýan Tä­ze Gü­nor­ta Uels hem-de Wik­to­ri­ýa şta­ty­ny we Tas­ma­ni­ýa­ny ada­sy­ny öz içi­ne al­ýan bö­le­gin­de (ut­gaş­dy­ry­lan äh­lu­mu­my wagt/UTC +11) se­ne­na­ma 2023-nji ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ry­ny, sa­gat 00:00-y gör­ke­zen­de ýur­du­myz­da sa­ga­dyň di­li (UTC +5) 18:00-y gör­kez­ýär­di. Awst­ra­li­ýa­da ýer­li wagt bi­raz çyl­şy­rym­ly bo­lup, ýurt je­mi 3 sa­gat gu­şak­ly­gyn­da ýer­leş­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, 5 sa­ny ta­pa­wut­ly wagt ula­nyl­ýar. Ola­ryň üçü­si te­ge­lek wagt ha­sa­by bol­sa, iki­si 30 mi­nut ta­pa­wut­ly wagt­dyr. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, adat­ça ýurt­la­ryň ýa-da se­bit­le­riň ara­syn­da­ky wagt te­ge­lek bir sa­gat bi­len ta­pa­wut ed­ýän bol­sa, Ow­ga­nys­tan, Hin­dis­tan ýa­ly kä­bir ýurt­da 30 mi­nut­lyk sa­gat ta­pa­wu­dy ula­nyl­ýar. Awst­ra­li­ýa­nyň iki se­bi­tin­de hem şeý­le wagt ha­sa­by ýö­re­dil­ýär. Iki sa­gat­dan soň­ra bol­sa, Gü­nor­ta we De­mir­ga­zyk Ko­re­ýa­da, Ýa­po­ni­ýa­da, Rus­si­ýa­nyň we Awst­ra­li­ýa­nyň kä­bir ýer­le­rin­de fe­ýer­werk­le­riň se­si ýaň­lan­dy. Bu se­bit­de esa­sy baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­sy Se­ul­da ge­çi­ri­lip, uzyn­ly­gy 555 met­re ýet­ýän «Lot­te World To­wer» gök­di­rä­nin­de dür­li ýag­ty­lyk şü­we­leň­le­ri gu­ral­dy.
Ýe­ne bir sa­gat ge­çen­soň, Rus­si­ýa­nyň Uzak Gün­do­gar se­bi­tin­dä­ki kä­bir ýer­ler­de, Gon­kong, Taý­wan ada­la­ryn­da, Tai­land­da, Mon­go­li­ýa­nyň bel­li bir bö­le­gi­ne Tä­ze ýyl gel­di.


Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Du­baý şä­he­ri hem Tä­ze ýyl da­ba­ra­la­ry­nyň iň şow­hun­ly gar­şy al­nan şä­her­le­ri­niň bi­ri bol­dy. Bu şä­her­de ýer­leş­ýän dün­ýä­niň iň be­ýik bi­na­sy bo­lan «Burj Ha­li­fa»-dan fe­ýer­werk­ler atyl­dy, bi­na­nyň ýü­zün­de Tä­ze ýy­ly ala­mat­lan­dyr­ýan ýaz­gy­lar gör­ke­zil­di.
Ýew­ro­pa­da Ger­ma­ni­ýa, Fran­si­ýa we Ita­li­ýa şol bir wagt gu­şak­ly­gyn­da ýer­leş­ýän­di­gi se­bäp­li Tä­ze ýy­la bir­wagt­da ga­dam bas­dy. Fran­si­ýa­nyň paý­tag­tyn­da­ky iň şow­hun­ly da­ba­ra­lar meş­hur Şan­ze­li­ze şa­ýo­lun­da bel­le­nil­di.
Lon­don­da­ky «Big Ben» sa­gat di­ňi­niň jaň­la­ry hem tä­ze ýyl üçin ka­kyl­dy. Şä­he­riň için­den geç­ýän Tem­za der­ýa­sy­nyň tö­we­re­gin­de fe­ýer­werk­le­riň şow­hu­ny bol­dy.
ABŞ-da bol­sa, ýüz müň­ler­çe adam tä­ze ýy­ly Nýu-Ýor­kuň Taýms meý­dan­ça­syn­da gar­şy al­dy. Bu şä­her­de iki ýyl­dan bä­ri «Covid-19» pan­de­mi­ýa­sy se­bäp­li Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy köp­çü­lik­le­ýin ge­çi­ril­män­di. Bu meý­dan­ça­da Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy bi­len bag­ly da­ba­ra­lar 1904-nji ýyl­dan bä­ri ge­çi­ri­lip ge­lin­ýär.
Bra­zi­li­ýa­nyň Rio-de-Ža­neý­ro şä­he­ri hem Gü­nor­ta Ame­ri­ka­da iň şow­hun­ly baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­sy­nyň ge­çi­ri­len ýe­ri­ne öw­rül­di.
Tä­ze ýy­ly iň soň­ky bo­lup, UTC-11 wagt gu­şak­ly­gyn­da ýer­leş­ýän Sa­moa, Niue, Mi­du­eý ame­ri­kan ada­la­ry­nyň ýa­şaý­jy­la­ry gar­şy al­dy­lar. Bu ada­lar baý­ram­çy­ly­gy il­ki bel­le­ýän ýurt­la­ryň go­la­ýyn­da ýer­leş­ýär. Ola­ryň ara­syn­da tä­ze gü­nüň baş­lan­ýan ýe­ri ha­sap edil­ýän çy­zyk geç­ýär.
Ýe­riň öz oku­nyň da­şyn­dan aý­lan­ýan wag­ty 24 sa­gat bo­la­ny üçin Ýer to­ga­la­gyn­da 24 sa­ny sa­gat gu­şak­ly­gy bar. 0-njy me­ri­di­an Ang­li­ýa­nyň paý­tag­ty Lon­do­nyň go­la­ýyn­da­ky Grin­wiç şä­he­rin­den geç­ýär. Şeý­le-de bol­sa, tä­ze gü­nüň baş­lan­ýan ýe­ri Ýu­waş um­ma­ny­nyň üs­tün­den geç­ýär. Şeý­le­lik­de, 0-njy me­ri­di­an gi­je-gün­di­ziň wag­ty­nyň la­ýyk or­ta­syn­da ýer­leş­ýär. Ýer to­ga­la­gyn­da 360 me­ri­di­an bo­lup, her 15 me­ri­di­an 1 sa­ga­da ga­bat gel­ýär. Ýag­ny, her me­ri­dia­nyň ara­syn­da 4 mi­nut ta­pa­wut bar. Tä­ze gün, şeý­le bo­lan­soň, tä­ze ýyl hem Ýu­waş um­ma­nyn­dan geç­ýän wagt gu­şak­ly­gyn­dan baş­la­nyp, 24 sa­gat­dan soň­ra ýe­ne-de şol çy­zy­ga ýe­ten­de ta­mam­lan­ýar. Wagt gu­şak­ly­gy UTC+12 hem-de UTC-12 hök­mün­de je­mi 24 sa­ga­da bö­lü­nen hem bol­sa, UTC-12 wagt gu­şak­ly­gy adat­ça ula­nyl­ma­ýar. Bu gu­şak­lyk­da ýer­leş­ýän ilat­ly ýer­ler UTC+12 sa­ga­dy­ny, ýag­ny se­ne­na­ma­da bol­ma­ly­syn­dan bir gün öň­ki wag­ty ulan­ýar­lar.