2023-nji ýyl­da GDA-nyň baş­lyk­ly­gy Ga­za­gys­tan­dan Gyr­gy­zys­ta­na geç­di. Res­pub­li­ka­nyň Pre­zi­den­ti Sa­dyr Ja­pa­row öz ýur­du­nyň Ar­ka­la­şy­gyň baş­ly­gy hök­mün­de GDA ag­za ýurt­la­ryň ara­syn­da hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gy we yna­my ber­kit­mä­ge aý­ra­tyn üns ber­jek­di­gi­ni aýt­dy.
Biş­ke­kiň baş­lyk­ly­gy ba­ra­da­ky ka­rar 14-nji okt­ýabr­da GDA-nyň As­ta­na­da ge­çi­ri­len sam­mi­tin­de ka­bul edil­di. Rus­si­ýa bi­len Ga­za­gys­tan onuň egin­deş baş­lyk­la­ry bo­lar. Ozal Ar­ka­la­şy­gyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy Ser­geý Le­be­dew Gyr­gy­zys­ta­nyň gel­jek­ki baş­lyk­ly­gy öz üs­tü­ne al­ma­ga taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­lap­dy.
Ja­pa­row As­ta­na­da ge­çi­ri­len sam­mit­de GDA ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da ulag, ara­gat­na­şyk, mig­ra­si­ýa sy­ýa­sa­ty, me­de­ni-yn­san­per­wer hyz­mat­daş­lyk, hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ryň we döw­le­ta­ra mak­sat­na­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ýa­ly ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy gol­da­mak we ös­dür­mek üçin ta­gal­la­la­ryň gö­nük­di­ril­me­gi­niň mö­hüm­di­gi­ni aýt­dy. Onuň söz­le­ri­ne gö­rä, Gyr­gy­zys­tan dür­li ugur­lar­da Ar­ka­la­şy­gyň ýurt­la­ry­nyň ka­nun­çy­ly­gy­ny mun­dan beý­läk­de ýa­kyn­laş­dyr­mak üçin GDA ag­za ýurt­la­ryň ara­syn­da par­la­men­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy güýç­len­dir­mä­ge ta­gal­la eder.
Ol gyr­gyz ta­ra­py­nyň öz baş­lyk­ly­gy döw­rün­de GDA gi­ňiş­li­gin­de dür­li de­re­je­li in­teg­ra­si­ýa gur­luş­la­ry­nyň ara­syn­da öza­ra tä­si­riň gi­ňel­me­gi we çuň­laş­dy­ryl­ma­gy bi­len bi­rek-bi­re­giň bäh­bit­le­ri­ne hor­mat goý­mak esa­syn­da gat­na­şy­jy döw­let­le­riň ara­syn­da­ky hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk we yg­ty­bar­ly gat­na­şyk­la­ry ber­kit­mä­ge he­mi­şe uly üns be­rer di­ýip bel­le­di.
Sa­dyr Ja­pa­row bu tap­gyr­da ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, eko­lo­gi­ýa we dur­nuk­ly ösüş me­se­le­le­ri bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­riň ile­ri tu­tul­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. – Ja­pa­ro­wyň tas­syk­la­ma­gy­na gö­rä, GDA ýurt­la­ry daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak, ýa­şyl yk­dy­sa­dy­ýe­tiň pa­ýy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak ýa­ly bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry we mak­sat­na­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len iş­jeň gep­le­şik ge­çir­me­li.