“iPhone” telefonlaryny öndürýän “Apple” kompaniýasynyň bazar nyrhy 4 göterim peselip, 2 trillion dollardan aşak düşdi. Tehnologiýa kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasy ýylyň ilkinji iş gününde 124,19 dollara düşdi. Bu pese gaçyşlykda Hytaýdaky önümçilik desgalaryndaky “Covid-19” çäklendirmeleriniň täsirli bolandygy bellenilýär.
Kompaniýanyň bazar nyrhy ilkinji gezek 2018-nji ýylyň 2-nji awgustynda 1 trillion dollardan geçip, bu sepgide ýeten ilkinji amerikan brendi bolupdyr. 2020-nji ýylyň 19-njy awgustynda bolsa, kompaniýanyň bazar nyrhy 2 trillion dollardan geçipdi. Şeýlelikde, kompaniýanyň bazar nyrhy 21 aýdan soňra 2 trillion dollardan aşak düşdi. Geçen ýylyň 3-nji ýanwarynda bolsa, bu görkeziji gysga wagtlygyna 3 trillion dollara ýetdi. Netijede, kompaniýa bir ýylyň dowamynda 1 trillon dollar töweregi ýitirip, bu ugurda hem rekord goýdy.