Tokýonyň Toýosu balyk bazarynda şu ýylyň ilkinji tutulan äpet tunes balygy auksiona arkaly satuwa çykaryldy. Her ýylda geçirilýän däbä görä satuwa çykarylan balyk üçin bir restoranyň wekili 36 million ýen (275 müň dollar) töledi. Şeýlelikde balygyň her bir kilogramy 170 müň ýene düşdi. Ýaponiýada adatça, her ýylyň ilkinji aýynda gök reňkli tunes balygy auksionda satylýar. Bu auksiona ýurduň restoran işewürliginiň wekilleri gatnaşýar. Satylan tunes balygy Aomori prefekturasynyň Oma portundan getirildi. Balygyň “Onedore” restoranynda böleklenjekdigi, müşderilere hödürlenjekdigi mälim edildi. Adatça, restoranlar şeýle balygy mahabat üçin satyn alýarlar. Restoran pudagynyň wekilleri ýylyň başynda geçirilen auksionda amala aşyrylan söwda işleriniň üstünlikli bolmagyna kömek edýändigine ynanýarlar.
Bu ýyl balygyň bahasy birneme arzan boldy. 2019-njy ýylda birnäçe şahamçasy bolan suşi restoranlarynyň eýesi Kiýoşi Kimura bir tunes balygyna rekord baha – 333,6 million ýen töläpdi. Şondan ugur alsaň, bu ýylky balygyň täze eýesine örän arzan düşendigini aýtmak bolar.
Geçen ýyl gök tunes balygy 16,9 million ýene satylypdy.