Ýewropanyň howa howpsuzlygy guramasy (Ýewrokontrol) geçen ýyl sebitde howa gatnawlarynyň 2019-njy ýyldaky derejäniň 83 göterimine ýetendigini mälim etdi. Ýewrokontrol maglumatlaryň pandemiýadan ozalky döwürdäkä golaýlaşandygyna garamazdan, howa gatnawynyň 2025-nji ýylda 2019-njy ýyldaky derejä ýetmeginiň çaklanylýandygyny mälim etdi. Munuň esasy sebäbini ykdysady dikelişiň garaşylyşyndan pes bolmagy diýip görkezdi.
Awiakompaniýalar 2022-nji ýylda Ýewropada 2 milliard ýolagçy gatnadyp, bu görkeziji 2019-njy ýylda 2,45 milliard bolupdy. Maglumatlara görä, geçen ýyl Germaniýa pandemiýadan ozalky gatnawyň 75 göterimine, Fransiýa 86 göterimine, Ispaniýa 91 göterimine, Portugaliýa 96 göterimine ýetdi. Şeýle hem geçen ýyl Gresiýada howa gatnawy pandemiýadan ozalky döwrüň 101 göterimine, Albaniýa 137 göterimine eýe boldy.